Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 03.02.2022

Ene-atalar: hökümet uçar gatnawlaryny we pul ibermegi çäklendirip, çagalarymyzy köseýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ne global pandemiýanyň fonunda ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny dikeldýär, ne-de ene-atalaryň daşary ýurtlardaky çagalaryna pul ibermegine mümkinçilik döredýär. Biz çagalarymyza näresmi ýollar arkaly pul iberjek bolup, "kezzaplara" müňlerçe dollar möçberinde pulumyzy aldyrýarys. Bu hökümet hem bizi, hem-de çagalarymyzy halys köseýär diýip, lebaply ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda aýtdy. Olaryň sözlerine görä, 2021-nji ýylyň tomsunda... Читать дальше...

Azatlygyň habaryndan soň, Russiýa göçjek raýatlaryň öý haýwanlarynyň sanawy düzülip başlandy

Azathabar.com 

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy uly itleri bilen Türkmenistandan Russiýa göçüp gitjek raýatlaryň sanawyny düzüp başlady. Bu habar Azatlyk Radiosynyň Russiýa göçüp gitmek isleýän, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň öý haýwanlaryny öz ýanlary bilen alyp gitmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. "Ýanwaryň ahyrynda Aşgabatdaky rus ilçihanasy uly itler üçin sanaw düzüp başlady. Ýanwaryň soňky gününde bu sanawda 19 itiň ady bardy.... Читать дальше...

Baýden ABŞ güýçleriniň Siriýada YD liderini öldürendigini aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden “Yslam döwleti” (YD) ekstremistiki toparynyň lideri Abu Ibrahim al-Haşimi al-Kuraşiniň öten agşam Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň geçiren operasiýasynyň dowamynda öldürilendigini aýtdy. Baýden 3-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitindäki operasiýanyň “üstünlikli” geçirilendigini, şeýle-de muňa gatnaşan ähli ABŞ esgerleriniň yzyna aman dolanandyklaryny aýtdy. Mundan öň, Pentagon operasiýanyň geçirilendigini tassyklady, emma onuň nyşanasynyň kim bolandygyny aýdyňlaşdyrmady. Читать дальше...

ABŞ NATO ýaranlaryna goşun iberýär, Baýden 5-nji madda “mukaddes borc” diýýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar, Ukrain serhediniň golaýynda toplanan rus goşunlary bilen bagly gapma-garşylyklar arasynda, NATO ýaranlaryny güýçlendirmek üçin, Ýewropa müňlerçe esger ibermäge taýynlanýar. Günbatar serhetde goşun toplanmagy çozmagyň öňüsyrasyndaky pursat bolmasyn diýip güman edýär.  Pentagon şu hepde Polşa, Rumyniýa we Germaniýa 3000 töweregi esger iberjekdigini mälim etdi, bu karar ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine aýdan sözlerine we  NATO-nyň 5-nji maddasyna laýyklykda, "mukaddes borç" bolup durýar. Читать дальше...

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna sebitiň içinde gatnamak gadagan edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogarynda welaýat ýaşaýjylarynyň hereket etmegine çäklendirmeler hasam güýçlendirilýär. Lebap welaýatynyň käbir etraplary indi doly ýapyldy, ýaşaýjylara sebitiň içine hem daşyna gatnamak düýbünden gadagan. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary welaýatdaky soňky ýagdaýlary gürrüň berdiler.

Aşgabat TOPH gepleşiklerini dikeltmäge çalyşýar, Moskwa 'gyzyklanma' bildirýär

Azathabar.com 

Pakistan we Türkmenistan ýatyp galan TOPH gaz geçiriji taslamasyny janlandyrmak üçin gepleşiklere başlady. Pakistan mediasy bu taslamanyň ozal gazyň nyrhy we getirilip beriljek nokady babatdaky oňuşmazlyklar üstünde togtap galandygyny belleýär, emma türkmen metbugaty 31-nji ýanwardan 4-nji fewral aralygynda, prezidentiň tabşyrygy esasynda geçirilýän gepleşikleriň detallaryny, adatça bolşy ýlay, düýpden açmaýar. Bu gepleşikler wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Eýranda saparda bolup, beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyklar bilen bir hatarda... Читать дальше...

Kimler oňa buýsanýar, kimler utanýar: aýdymçy Manižanyň Nýu-Ýork şäherinde bilbordda goýlan suratyna täjikleriň garaýşy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň esasy bölegi bolan Manhetteniň Taýms-skwerinde, ullakan bilbordda, asly täjigistanly, häzirki zaman rus aýdymçysy Manižanyň milli atlas matadan tikilen döşi açyk eşikli suraty ýerleşdirildi. Bu şekil sosial ulgamlary ulanyjylaryň Täjigistan segmentinde uly seslenme döretdi. Käbir sosial ulanyjylar aýdymçynyň döşi açyk suratyny ýiti tankytlap, oňa täjik halkynyň ahlagyny hem-de edep-terbiýesini unutmazlygy maslahat berýärler. Manižanyň adyna kemsitmeler we gülkünç degişmeler hem ýagdyrylýar. Читать дальше...



Gazagystanda protestleriň dowamynda güman edilýän hukuk bozulmalar boýunça 100-e golaý jenaýat işi açyldy

Azathabar.com 

Gazagystan geçen aý bolan hökümete garşy ganly protestleriň dowamynda ýüze çykan bikanun tussag etmeler we beýleki hukuk bozulmalar bilen bagly 100-e golaý jenaýat işini açdy. Bu hem ýurduň içinde, hem-de halkara hukuk toparlary tarapyndan bu ugurdaky edilýän çagyryşlara gabat mälim edildi. 3-nji fewralda Gazagystanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasynyň şu hepde ilatyň bu ugurdaky arzalaryny derňemek baradaky çagyryşyny berjaý etjekdigini mälim etdi. “Baş prokuraturanyň maglumatlaryna görä... Читать дальше...

Rus goranmak ministri, bilelikdäki harby türgenleşikleriň öňýany, Belarusa geldi

Azathabar.com 

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu 3-nji fewralda Belarusa geldi diýip, rus habar serişdeleri maglumatlar berýärler. Bu şu aý başlanmaly Russiýa-Belarus bilelikdäki harby türgenleşikleriň öňýanyna, şeýle-de Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyrmagy sebäpli Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dörän dartgynlylyklara gabat geldi. Şoýgunyň diýdimzor Aleksandr Lukaşenka bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. Bilelikdäki harby türgenleşikler 10-njy fewralda başlanyp, 10 gün, ýagny 20-nji fewrala çeni dowam eder. Читать дальше...

Maryda öýsüz-öwzarsyz we hojalyklardaky itler hem-de pişikler köpçülikleýin öldürilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginde öýsüz-öwzarsyz itler we pişikler, şol sanda hojalyklardaky haýwanlar köpçülikleýin öldürilýär. Häkimiýetler itleriň we pişikleriň öldürilmegi bilen bagly nobatdaky çäräniň sebäplerini it ýaryp, keselhana düşýän çagalaryň we adamlaryň köpelendigi bilen düşündirýär. Bu maglumat Türkmenistan Halk Maslahatynyň mejlisine taýynlyk görýän mahaly, Aşgabatda öý haýwanlaryny ýok etmek bilen bagly nobatdaky tolkunyň güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

ABŞ NATO ýaranlaryna esger iberýär, Baýden 5-nji maddany ‘mukaddes borç’ atlandyrýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar, Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagy sebäpli dörän dartgynlylyklaryň arasynda, özüniň NATO ýaranlaryny goldamak üçin Ýewropa müňlerçe esgerini ýollaýar. Günbatar Russiýanyň goşun sanyny artdyryp, Ukraina hüjüm etmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigini belleýär. Pentagon şu hepdäniň dowamynda Polşa, Rumyniýa we Germaniýa özüniň 3 müň harbysyny ýollajakdygyny mälim etdi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bu kararyň rus prezidenti Wladimir Putin... Читать дальше...

German media gözegçilik edarasy RT-niň nemes dilli gullugyny gadagan etmek kararyny goldady

Azathabar.com 

Germaniýanyň media gözegçilik edarasy Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RT media korporasiýasynyň ýurtdaky nemes dilindäki gepleşikleriniň ýaýlymyny bes etdirmek baradaky geçen dekabrda çykaran hökümini goldady. RT-niň zerur ygtyýarnamasynyň ýokdugy bellenilýär. 2-nji fewralda Germaniýanyň media gurluşlaryna lisenziýa berýän we gözegçilik edýän komissiýasy nemes dilindäki RT DE kompaniýasy tarapyndan hiç hili arzanyň tabşyrylmandygyny we oňa hiç hili ygtyýarlygyň berilmändigini aýtdy. Şeýle-de onuň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Мария Захарова в ответ на публикацию The Wall Street Journal: Родиной не торгуем

Прокуратура Москвы: в лесу на территории Новой Москвы нашли человеческий скелет

Городские службы Москвы перевели на усиленный режим работы до 12 мая

В Москве задержали 10 нелегалов среди сотрудников аэропорта Шереметьево