Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Новости за 27.02.2022

Putin öňüni alyş ýadro güýçlerini ýokary hüşgärlik derejesine geçirdi

Azathabar.com 

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň öňüni alyş ýadro güýçlerini ýokary hüşgärlik derejesine geçirdi. Bu Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi netijesinde Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwründe bolup geçýär. Putin 27-nji fewralda ýokary derejeli rus resmileri bilen geçiren gepleşiginde NATO güýçleriniň “agressiw beýanatlary” edendigini aýtdy, şeýle-de Günbatar ýurtlarynyň, şol sanda şahsy özüne agyr ykdysady sanksiýalary girizendigine ünsi çekdi. Putin goranmak ministrine... Читать дальше...

Russiýada we dünýäde Moskwanyň Ukraina çozmagyna garşy protestler geçirilýär

Azathabar.com 

Russiýada we dünýäniň beýleki künjeklerinde 26-njy fewralda müňlerçe adam köçelere çykyp, Russiýanyň hüjümine garşy söweşýän Ukraina goldawyny äşgär etdiler. Prezident Wolodymyr Zelenski rus prezidenti Wladimir Putiniň çozuş etmek baradaky buýrugyna garşy çykýan russiýalylara sag bolsun aýdyp, olary hüjümi bes etmek üçin seslerini eşitdirmäge çagyrdy. “Müňlerçe russiýaly esger öldi, ýüzlerçesi hem ýesir alyndy. Olar Ukraina ölmäge ýa-da öldürmäge näme maskat bilen ugradylandygyna düşünmeýärler. Читать дальше...

Germaniýa Ukrainany ýaraglar bilen üpjün eder

Azathabar.com 

Germaniýanyň hökümeti Russiýanyň başladan hüjüminiň arasynda Ukrainanyň goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin, Kiýewe tanklara garşy 1 müň, şeýle-de uçarlara garşy 500 Stringer ulgamyny berjekdigini mälim etdi. Bu Berliniň uruş bilen baglylykdaky tutumyny ýitgi üýtgetmegi boldy. Mundan başga-da, 26-njy fewralda Berlin Niderlandlara Germaniýada öndürilen tanklara garşy ýüzlerçe ýaragy Ukraina bermegi üçin ygtyýarlyk berendigini aýtdy. “Russiýanyň Ukraina hüjümi kesgitleýji pursat boldy. Читать дальше...

Tihanowskaýa: Lukaşenka Belarusy Ukrainadaky wakalara çekip ‘dönüklik’ etdi

Azathabar.com 

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň Russiýanyň Ukraina hüjümi bilen ilteşikli “dökünlik edendigini” aýtdy, şeýle-de özüni “milli lider” yglan edendigini mälim etdi. “Lukaşenka dönüklik etdi. Ol biziň ýurdumyzy Ukraina edilen hüjüme çekdi” diýip, ol 26-njy fewralda Twitter hasabynda ýerleşdiren wideo-ýüzlenmesinde aýtdy. Lukaşenka belarus goşunynyň konflikte gatnaşmaýandygyny öňe sürse-de, Russiýa şu hepdäniň başynda Ukraina garşy ganly hüjüme başlamak... Читать дальше...

ABŞ, ÝB, Britaniýa Russiýanyň banklaryny SWIFT ulgamyndan kesmek barada ylalaşdylar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar döwletleri Russiýanyň “kesgitlenen” banklarynyň SWIFT maliýe ulgamyndan peýdalanyp bilmek mümkinçiliklerini togtatmak, şeýle-de Russiýanyň Merkezi bankyna garşy “çäklendiriji” çäreleri girizmek barada ylalaşdylar. Bu Kremliň şu hepdäniň başynda Ukraina çozmagyna jogap hökmünde amal edildi. Bu gadagançylyklar Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy bilen baglylykda häzire çenli yglan edilen iň berk sanksiýalar boldy. ABŞ administrasiýasynyň... Читать дальше...

Ukrainada galan türkmenler goňşy ýurtlara geçmäge synanyşýarlar, ilçihananyň ‘kömek etmeýändigini’ aýdýarlar

Azathabar.com 

Russiýanyň Ukraina çozmagynyň arasynda bu ýurtda galan türkmenistanlylar, resmi türkmen wekillerinden hiç hili hemaýatyň ýokdugy baradaky maglumatlaryň fonunda, öz güýçleri bilen goňşy ýurtlara aşmaga synanyşýarlar. Bu barada öz çeşmelerine salgylanyp habar berýän turkmen.news neşiri soňky günleriň dowamynda eýýäm onlarça türkmen raýatynyň serhetden Polşa we Moldowa geçmegi başarandygyny belleýär. Mundan ozal, Azatlyk, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy toparlar Ukrainada, Russiýanyň çozuşy netijesinde söweş hereketleriniň dowam edýän döwri... Читать дальше...

Russiýanyň goşuny Harkowa girdi, agyr çaknyşyklaryň arasynda Kiýew hüjüme taýýarlanýar

Azathabar.com 

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň iň uly ikinji şäheri Harkowa girdiler. Bu aralykda, 27-nji fewralda paýtagt Kiýewde ýaşaýjylar uly we başga-da partlamalaryň bolandygyny aýdýarlar. Russiýanyň öz goňşusyna garşy urşy ýaýbaňlandyrýan wagty, Günbatar güýçleri Moskwanyň agressiýasyna jogap edip, oňa garşy täze sanskiýalary girizýändigini yglan etdiler. Harkowyň regional administrasiýasynyň başlygy Oleh Sinehubowyň sözlerine görä, ukrain güýçleri şäherde Russiýanyň goşunyna garşy söweşýärler. Ol raýatlary öýlerinden çykmazlyga çagyrdy. Читать дальше...

Türkmen saýlawlary halkara maglumat çeşmelerinde nähili şöhlelenýär?

Azathabar.com 

Dünýä Türkmenleriniň geçen sany Merkezi Aziýa synçylarynyň türkmen saýlawlary babatda beýan eden garaýyşlaryna we bildiren reaksiýalaryna gönükdirildi. Programmamyzyň bu sany käbir halkara maglumat çeşmeleriniň türkmen saýlawlaryna berýän synlaryna nazar aýlaýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlary golaýlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň saýlawlardan tamalarynyň ýokdugyny, ses berişlikden... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






Профессия, которой можно гордиться – Пожарный-спасатель

Блогеры и туроператоры из арабских стран посетят регионы РФ для развития туризма

Белорусские проекты победили в Международном профессиональном конкурсе НОПРИЗ на лучший проект – 2023

«Россети Московский регион» переходят на усиленный режим работы в праздники