Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Türkiýäniň baş diplomaty Merkezi Aziýa alty günlük saparyna başlaýar

0
Türkiýäniň baş diplomaty Merkezi Aziýa alty günlük saparyna başlaýar

Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň 4-nji martda ýaýradan maglumatyna görä, Türkiýäniň DIM-ri Mewlut Çawuşoglu Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary, DIM-ri Reşit Meredowyň, Özbegistanyň DIM-ri Awdulaziz Kamilowyň we Gyrgyzystanyň DIM-ri Ruslan Kazakbaýewiň çakylygy bilen, 5-nji we 10-njy mart aralygynda Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyzystana sapar edýär.

Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Mewlut Çawuşoglu anna güni başlanýan saparlarynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow, premýer-ministri Ulugbek Maripow, Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary we sermaýalar, daşary söwda ministri Serdar Umurzakow bilen duşuşar. 

Şonuň ýaly-da, Çawuşoglunyň Türkiýe-Özbegistan bilelikdäki strategiki meýilleşdiriş toparynyň ikinji we Türkiýe-Gyrgyzystan bilelikdäki strategiki meýilleşdiriş toparynyň bäşinji maslahatyny gurnajakdygy, Türkiýäniň Samarkantda baş konsullugyny resmi taýdan açjakdygy habar berildi.

Çawuşolunyň Merkezi Aziýa saparynyň dowamynda geçiriljek gepleşiklerde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary barada maslahat edilip, sebitara we halkara meseleler bilen bagly pikir alyşylar diýip, Türkiýäniň daşary işler ministrligininň ýaýradan maglumatlarynda aýdylýar.

Emma gepleşikleriň gün tertibi barada jikme-jik habar berilmeýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň DIM-ri Reşit Meredow 22-24-nji fewralda Ankara sapar etdi. Ol bu saparynyň dowamynda Türkiýäniň DIM-ri Mewlut Çawuşoglu bilen gepleşikler geçirip, iki ýurduň ykdysady, syýasy we energiýa gatnaşyklaryny has-da ösdürmegi maslahat etdi.

23-nji fewralda Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-leri üç taraplaýyn gepleşikler geçirdi.

24-nji fewralda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň DIM-ri Reşit Meredowy kabul edendigini türk mediasy ýazdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады






21 причина пойти на Пикник «Афиши». Громкие хедлайнеры, яркие молодые имена и не только

Диетолог Соломатина рассказала о пользе и вреде вареных раков

Москва. Коммунисты организовали концерт «Музыка войны и Победы»

Кубанские жених и невеста зарегистрируют брак со 150 парами на Всероссийском свадебном фестивале