Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Rim papasy Yrakda uly şaýy ruhanylary bilen taryhy gepleşik geçirýär

0
Rim papasy Yrakda uly şaýy ruhanylary bilen taryhy gepleşik geçirýär

Rim papasy Fransis, Rim Katolik lideriniň Yraga ilkinji saparyndaky taryhy duşuşykda şaýy yslam dininiň iň uly ruhanylarynyň biri bilen görüşdi.

Fransisiň parahatçylykly ýaşaşmak habaryny ýaýratmak we Yragyň gabaw astyndaky hristian azlyklaryny goldamak tagallalary netijesinde, 6-njy martda aýatolla Ali al-Sistani bilen bolan duşuşygy mukaddes Nejaf şäherinde geçirildi.

Bu sapar Yrak telewideniýesinde göni ýaýlymda alnyp görkezildi we ýaşaýjylar iki dini lideriň duşuşygyna begençli tomaşa etdiler.

Al-Sistani şaýylaryň aglaba köplügi düzýän ýurdunda hormatlanýan şahsyýet bolmak bilen bir hatarda bütin dünýä şaýylary tarapyndan hem hormatlanýar.

Al-Sistani ýapyk ýagdaýda geçirilen mejlislerden soň beýanat çap edip, Yrak hristianlarynyň asudalykda we beýleki yraklylar bilen deň hukuklardan peýdalanyp ýaşamalydygyny aýtdy.

Watikan, şol bir wagtyň özünde-de Fransis al-Sistanä we şaýy halkyna "iň ejizleriň we yzarlananlaryň goragy babatda pikirlerini aýdandyklary üçin" minnetdarlyk bildirdi.

Yrak hristianlary bir wagtlar Yrakda 1,4 million töweregi adam bolup, saldamly azlygy emele getirýärdi. Emma olaryň sany 2003-nji ýyldan soň, ABŞ-nyň bu ýurda goşun salmagy we sünni söweşijileriniň köplenç hristianlary nyşana alan uruşlary netijesinde dörän başagaýlyk wagtynda azaldy.

2014-nji ýylda "Yslam döwleti" söweşijileri Yragyň demirgazygyny ele geçiriende başga-da köp adam ýurtdan gaçmaga mejbur boldy.

Çaklamalara görä, Yrakda häzirem 300 müňe golaý hristian bar we olaryň köpüsi içrki bosgunlykda ýaşýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады






В 7 корпусах подмосковного ЖК «Прибрежный Парк» начали монтаж инженерных систем

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Хуснуллин: к 2030 году в России предстоит построить почти 1 млрд метров жилья

Лесничие Талдомского округа убрали упавшее дерево с дороги