Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Birmanyň howpsuzlyk güýçleri iş taşlaýyşdaky demir ýol işçileriniň daşyny gabaýar, BMG agdarylyşygy ýazgaryp bilmedi

0
Birmanyň howpsuzlyk güýçleri iş taşlaýyşdaky demir ýol işçileriniň daşyny gabaýar, BMG agdarylyşygy ýazgaryp bilmedi

10-njy martda Birmanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň iň iri şäheri bolan Ýangonda döwlet demirýol işçileriniň ýaşaýan bir etrabynda reýd geçirdi. Demirýol işçileri harby agdarylyşyga protest bildirip, iş taşlaýyş yglan edipdi.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Birmadaky harby agdarylyşygy ýazgarmaly beýanat boýunça ylalaşyp bilmedi. Howpsuzlyk Geňeşi harbylary saklanmaga çagyrdy we “başga-da çäreleri” göz öňünde tutmak bilen haýbat atdy.

Polisiýa Mingalar Taung Nyunt etrabynyň daşyny gabady we azyndan üç adamyň tussag edilendigi habar berildi, ýöne tussag etmeleri bada-bat tassykladyp bolmady.

Ýangonyň demirýolçulary hökümetiň işini ysmaz eden protest hereketiniň bir bölegi bolup durýar. Protest hereketi harbylar 1-nji fewralda Aung San Su Çiniň saýlanan hökümetini agdaraly bäri, banklarda, zawodlarda we dükanlarda yglan edilen iş taşlaýyşlary hem öz içine alýar.

Bu günorta-gündogar Aziýa ýurdunyň ikinji iň iri şäheri bolan Mandalaýda demonstrantlar 10-njy martda oturmak protestini geçirdiler.

Su Çiniň Demokratiýa üçin milli ligasynyň bir resmisi, Zaw Myat Linn, tussag edilenden soňra, 9-njy martda deslapky tussaglykda aradan çykdy. Ol iki günüň dowamynda tussaglykda aradan çykan ikinji partiýa resmisidir.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Большая война с Западом или переговоры? Эксперт РСМД предрёк неожиданный сценарий

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Холод и засуха. Какие регионы пострадали от майской погодной аномалии

Тренер Гаджиев не считает "Спартак" фаворитом кубковой игры против "Балтики"