Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Türkmenistan itşynaslar üçin hormatly atlary döredýär

0
Türkmenistan itşynaslar üçin hormatly atlary döredýär

Türkmen parlamenti Türkmenistanyň “Halk itşynasy” we “At gazanan itşynasy” hormatly atlaryny döretmek hakynda kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada ýarym-resmi Arzuw.news habar saýty döwlet metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Türkmen itşynaslaryna hormatly atlaryň dakylmagy baradaky kanun taslamasynyň parlamentde ara alyp maslahatlaşylmagy Aşgabatda ykmanda it-pişikleriň zäherlenýän wagtlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy martda Aşgabadyň jemagat gullugynyň işgärleriniň şäheriň dürli künjeklerinde it-pişikleri zäherlemek işleri bilen meşgul bolýandyklaryny habar berdi.

Döwlet metbugatyna görä, 13-nji martda türkmen parlamentiniň deputatlary maslahat geçirip, käbir kanunlaryň, şol sanda itşynaslar üçin hormatly atlary döretmek hakyndaky kanunlaryň taslamalaryna garady.

Maslahatda çykyş eden kanun çykaryjylar, resmi metbugata görä, itşynaslar üçin hormatly atlaryň dakylmagyny prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek tagallalary” bilen ilteşdirdi.

“Türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu ajaýyp tohum itleriň sanyny köpeltmek, itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzümini döretmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi” diýip, TDH ýazýar.

Has ozal, döwlet baştutanynyň adyndan alabaý itlerine bagyşlanyp kitap çap edildi.

Döwlet metbugaty “Türkmen alabaýy” atly kitabyň “halkyň durmuşynda we ykbalynda” uly orun eýeleýändigini öňe sürýär, ýöne bu kitabyň halkyň ykbalyndaky roluny aýdyňlaşdyrmaýar.

Şeýle-de, prezident öz goşgularynda alabaý itlerini wasp edýär, olary “agramyna altyn berlen, halal, türkmen alabaýy” diýip taryplaýar.

Döwlet media serişdeleri türkmen alabaý itlerini wepadarlygyň we halallygyň simwoly hökmünde, hem-de milli buýsanç hökmünde suratlandyrýar. “It wepa”, “At sapa” ýaly türkmen nakyllarynda alabaý itleri we türkmen bedewleri öz beýanyny tapýar.

19-njy fewralda geçirilen hökümet maslahatynda türkmen prezidenti “Halk itşynasy” we “At gazanan itşynas” hormatly atlarynyň döşe dakylýan nyşanlarynyň hem-de “Ýylyň edermen alabaýy” medalynyň nusgalaryna garady.

Has ozal, paýtagt Aşgabatda alabaý itiniň altyn çaýylan heýkeli oturdyldy.

Türkmenistan apreliň soňky ýekşenbesinde ilkinji gezek Bedew baýramçylygy bilen bir hatarda alabaý itleriniň gününi baýram eder. Şeýle-de, häkimiýetler bu baýramçylyga gabatlap, alabaý itleriniň arasynda gözellik bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görýär.

Soňky ýyllarda ykmanda it-pişikleriň ýok edilýändigi baradaky habarlaryň fonunda Türkmenistanda alabaý itleri has köp üns merkezine çekildi. Türkmenistan alabaý itleri üçin halkara gurama hem-de olar üçin dynç alyş we saglyk merkezlerini döretdi. Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň awgustynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlyklygyna bellendi.

Bu aralykda, 9-njy martda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ykmanda it-pişiklerden arassalanandygyny we şäheriň beýleki künjeklerinde sergezdan it-pişikleri awlamak işleriniň dowam edýändigini habar berdi. Ýöne wagtal-wagtal, habarçynyň sözlerine görä, häkimiýetleriň ykmanda it-pişiklere garşy alyp barýan göreşinden eýeli it-pişikler hem zyýan çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году






Лесничие Талдомского округа убрали упавшее дерево с дороги

Финалистов патриотической акции «Рисуем Победу» наградят в Музее Победы

Под посадку деревьев подготовлено более 10 гектаров почвы в Наро-Фоминском округе

В Самаре началась проходка тоннеля до станции метро "Театральная"