Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

“Freedom Now”: Omarkulyýew dessine azat edilmeli

0
“Freedom Now”: Omarkulyýew dessine azat edilmeli

“Freedom Now” guramasy türkmen türmesinde dereksiz ýitendigi hasaplanýan Ömruzak Omarkulyýewyň ykbalyna ünsi çekip, onuň dessine we şertsiz ýagdaýda azat edilmegine çagyrdy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän bähbit aramaýan gurama bu barada 15-nji martda özüniň Twitter hasabynda ýazgy ýerleşdirdi.

“Üç ýyl mundan ozal şu gün Ömruzak Omarkulyýew ýitirim boldy” diýip, "Freedom Now" belledi.

Ýatlatsak, 2018-nji ýylda Türkiýede okaýan we studentleriň raýdaşlyk guramasyny döreden 26 ýaşly Ömruzak Omarkulyýew parlament saýlawlaryna synçy bol diýip, türkmen resmileriniň aldawy netijesinde Aşgabada getirildi we yzyna goýberilmedi.

Haçanda ol öz düşen ýagdaýy barada daşary ýurtlardaky neşirlere we guramalara habar berenden soň, aragatnaşyk mümkinçiliginden kesilip, ynamdar çeşmeleriň maglumatyna görä, şol ýylyň iýunynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma soň, bu işiň halkara jemgyýetçiligine mälim bolmagy netijesinde, 2019-njy ýylyň sentýabrynda onuň iki ýyllyk harby gulluga alnandygy hakynda şübheli bir wideo orta çykdy.

Dowamlylygy 3 minutdan az bolan wideoda Ömruzak Omarkulyýewiň başyna gelen wakalaryň ählisiniň toslamadygy, hamala, onuň 17 aý bäri, garaşsyz habar serişdelerinde ýazylýan zatlardan habarsyz, Türkmenistanyň öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýörendigi aýdyldy.

Bellesek, geçen ýylyň iýunynda Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky missiýasynyň şol wagtdaky ýolbaşçysy, ilçi Jeýms S.Gilmore III beýanat ýaýradyp, onda Ömruzak Omarkulyýewiň eýýäm iki ýyllyk harby gullugy tamamlap, okuwyny dowam etdirip bilmelidigini nygtap geçipdi.

Resmi Aşgabat Omarkulyýew bilen baglylykda hakykatda bolan zat barada hiç wagt açyk düşündiriş bermedi we Ömruzagyň özi, garyndaşlary bilen açyk gürleşmek mümkinçiligini döretmedi.

Freedom Now guramasy özüniň websaýtynda 2020-nji ýylyň maýynda Omarkulyýewiň meselesi bilen baglylykda BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparyna arza ýollandygyny hem belläp geçýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме






«Спартак» обыгрывает «Краснодар» после первого тайма благодаря голу Зобнина

В Пензе стартовали соревнования по спортивному ориентированию

Shot: в Москве 10-летней девочке лифтом зажало и вырвало средний палец

Источник 360.ru: девочка упала в шахту вентиляции в заброшенном доме в Москве