Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Belarusda protestler bilen ilteşikli 400-den hem aşa adama höküm çykaryldy

0
Belarusda protestler bilen ilteşikli 400-den hem aşa adama höküm çykaryldy

Belarusda 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynyň dawaly netijelerine garşy köçelere çykan demokratiki gymmatlyklaryň tarapynda çykyş edýän protestçileriň resmiler tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde, häzire çenli 400-den hem aşa adama suduň hökümi çykaryldy.

“Häzirki güne çenli prokurorlar jemgyýetçilik düzgünini berk bozan bikanun üýşmeleňler we protestler bilen ilteşikli 631 adama garşy açylan jenaýat işiniň 468-ni suduň garamagyna ýollady” diýip, Belarusyň Baş prokuraturasy 17-nji martda beýanat bilen çykyş etdi. Maglumata görä, işi suda geçirilenleriň 400-den gowragyna eýýäm suduň hökümi çykarylypdyr.

Prokuraturanyň beýanatynda günäkärlenýänlere kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine garşy “gazaplylyk we haýbat ulanmakda”, olaryň abraýyny açyk kemsitmekde, şahsy emläkleri zaýalamakda we döwlet nyşanalaryny masgaralamakda aýyplama bildirilendigi bellenilýär.

Belarusda mundan ýedi aý ozal geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, köp sanly bidüzgünçilikleriň bolandygy baradaky maglumatlara garamazdan, diýdimzor Aleksandr Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edilmeginden soň, her gün protest çäreleri geçirilýär.

Hökümetiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagynyň çäginde 30 müň töweregi adam saklandy, ýüzlerçesi ýenjildi, birnäçesi öldürildi. Mundan başga-da, žurnalistler nyşana alyndy.

Günbatar ýurtlary Belarusy 1994-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýän Lukaşenkany kanuny lider hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürýärler. Günbatar Lukaşenka we başga-da ýokary derejeli belarus resmilerine garşy sanksiýalary girizdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Более 30 тыс жителей округа Химки прошли диспансеризацию с начала года

Купить диплом: Ваша дорога к успеху без препятствий

Экономический эффект Башнефти от внедрения передовых решений достиг 4,8 млрд руб.

Специалист по ионосфере Поляков заявил, что аномальное Солнце вызовет погодные аномалии на Земле