Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Russiýa ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşandygy baradaky hasabaty ret edýär

0
Russiýa ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşandygy baradaky hasabaty ret edýär

Kreml prezident Wladimir Putiniň geçen ýyl Birleşen Ştatlardaky prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmek synanyşygynyň çäginde ýalan maglumatlary ýaýratmak boýunça görkezme berendigi baradaky ABŞ-nyň soňky hasabatyny ret etdi. Şol bir wagtda, ol Russiýanyň bu mesele boýunça täze tapgyr sanksiýalaryň girizilmegine taýýarlanýandygyny hem belledi.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýyplamalary “bütinleý esassyz” atlandyryp, Russiýanyň saýlaw prosesine “gatyşmandygyny” belledi.

Mundan öň, 17-nji martda Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy bular “biziň ýurdumyzyň Amerikanyň içerki syýasy prosesine goşulýandygy baradaky nobatdaky esassyz aýyplamalar boldy” diýip, çykyş etdi.

ABŞ-nyň Milli aňtaw boýunça Direktorynyň edarasynyň 16-njy martda ýaýradan hasabatynda Putiniň ‘görkezmesi’ esasynda Russiýanyň ençeme hökümet guramalarynyň prezident Jo Baýdeniň kandidaturasyny we Demokratik Partiýany abraýdan düşürmek, şeýle-de ozalky prezident Donald Trampy goldamak boýunça, Birleşen Ştatlarda saýlaw prosesine bolan ynamy gaçyrmak we  ilatyň arasyndaky syýasy bölünişigi ýitileşdirmek ugrunda tagalla edendigi bellenilýär.

3-nji noýabrdaky ses berişligiň netijesinde, Baýden Trampdan üstün çykdy we 20-nji ýanwarda ýurduň nobatdaky prezidenti hökmünde wezipä girişdi.

Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy Birleşen Ştatlaryň Russiýany “abraýdan düşürmek we özüniň bar bolan meselelerine beýlekileri günäkärlemek isleýändigini” aýtdy.

Moskwa Günbataryň saýlawlara gatyşmak aýyplamalaryny dowamly ret edip gelýär.

Reuters gullugy üç çeşmä salgylanyp, Waşingtonyň soňky hasabatyň netijeleri boýunça Russiýa garşy geljek hepde sanskiýalary girizip biljekdigini habar berýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Прогрессивные методы предсказания роста криптовалют на Бинанс — ИИ в действии

Опасное пике. Как накажут пилота, пролетевшего над трассой под Москвой

Nara Play показала в Москве свою концертную программу и презентовала дебютный альбом на башкирском языке

Мать с ребенком упали с четвертого этажа в шахту лифта в Иванове