Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

RSF Russiýanyň AÝ/AR-a garşy “yzarlamalaryny” ýazgarýar

0
RSF Russiýanyň AÝ/AR-a garşy “yzarlamalaryny” ýazgarýar

Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz Reportýorlar Guramasy” (RSF) Russiýanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň rus dilli ençeme gullugynyň garşysyna salan jerimelerini “hetdenaşa” atlandyryp, ýurtdaky “daşary ýurt agentleri” baradaky kanunynyň “manysyzdygyny”, şeýle-de onuň garaşsyz we oppozisiýa medialarynyň sesini “sem etmäge gönükdirilendigini” aýtdy.

Russiýanyň media gözegçilik edýän Roskomnadzor döwlet gullugy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň rus dilli habar gulluklaryna garşy – ýurtdaky agyr düzgünlere laýyklykda ýazmaça we efir tolkunlaryndaky materiallaryny bellik etmändigini aýdyp – 260 işi gozgady.

Moskwanyň sudy 142 iş boýunça eýýäm 1 million dollara gowrak pul jerimesini salmak barada höküm çykardy.

Russiýada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna garşy açylan işler onuň jerimeleri tölemelidigini we kesgitlenen düzgünlere laýyk hereket etmelidigini, bolmasa onuň ýurtdaky işiniň togtadylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz galyp biljekdigini aňladýar.

“Radio Swoboda (Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy) Russiýada eýýäm 30 ýyl çemesi wagt bäri iş alyp baran bolsa-da, indi oňa manysyz we masgaralaýjy kanun esasynda ýapylmak howpy abanýar” diýip, Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň direktory Žeanne Kaweliýer 16-njy martda çap bolan beýanatda belledi.

“Biz garaşsyz we oppozisiýa media serişdeleriniň yzarlanmagyny ýazgarýarys we radio gullugyna garşy alnyp barylýan sud işleriniň bes edilmegine çagyrýarys” diýip, ol sözüne goşdy.

Russiýanyň “daşary ýurt agenti” diýilýän kanuny 2012-nji ýylda kabul edildi we şondan bäri oňa gaýta-gaýta üýtgetme girizildi. Bu kanun daşary ýurt kömegini kabul edýän hem-de hökümetiň syýasy işler bilen meşgullanýandyklary üçin bellige alynmaly hasaplaýan hökümete degişli däl guramalardan özlerini “daşary ýurt agentleri” hökmünde görkezmegini hem-de barlaglara tabyn bolmaklaryny talap edýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году






Патрушев назначен помощником президента РФ

Воробьев: качество питьевой воды в Пушкино вырастет к 2026 году

Супруги чуть заживо не сгорели в китайском кроссовере: он вспыхнул на ходу

В Москве появилось более 1,7 тыс. новых камер фиксации нарушений ПДД