Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýrany Nowruzda tussag žurnalistleri boşatmaga çagyrdy

0
Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýrany Nowruzda tussag žurnalistleri boşatmaga çagyrdy

Eýranlylar Nowruz baýramyny bellemäge taýynlanýarka, “Serhetsiz reportýorlar (RSF) guramasy Eýranyň hökümetini ýurtda tussag edilen 21 žurnalisti we raýat-habarçylaryny amnistiýa etmäge çagyrýar.

"Eden ýeke-täk jenaýaty faktlary habar bermek borjuny ýerine ýetirmekden ybarat bolan 21 sany erkek adam we zenan maşgala 21-nji martda pars täze ýyl baýramyny  öz maşgalalary bilen öýlerinde däl-de, Eýranda gözenegiň aňyrsynda geçirmäge taýynlanýar" diýip düýbi Parižde ýerleşýän žurnalistleri goraýjy gurama ýazýar. 

Metbugat azatlygyna gözegçilik guramasynyň 18-nji martda eden beýanatynda Eýranyň häkimiýetleriniň Nowruz baýramy mynasybetli geçirýän günä geçişlerde hiç wagtda "howpsuzlyk" bilen bagly tussag edilen bendileri, şol sanda žurnalistleri boşatmandygyny belledi.

Dünýäde žurnalistleri iň köp tussag edýän ýurtlaryň biri bolan Eýran, RSF-iň 2020-nji ýyldaky Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurtdan 173-nji orny eýeledi.

Gurama koronawirus pandemiýasy we "krizisiň betbagtçylykly netijeleri, kesellänleriň we ölenleriň sany baradaky hakyky sanlary ýaşyrýan senzuranyň güýçlenmegi" sebäpli eýranly žurnalistler üçin geçen ýylyň "aşa kyn" bolandygyny belledi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости






Незаконное строение шиномонтажа демонтировали в районе Марьино

Новые инвесторы «Яндекса» огласили условия обмена акций Yandex N.V.

Рейды по участкам с нецелевым использованием прошли в Подмосковье

Тренер Гаджиев не считает "Спартак" фаворитом кубковой игры против "Балтики"