Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Lebapda ýene-de tupan turdy, bu gezek hem ilata öňünden duýduryş berilmedi

0
Lebapda ýene-de tupan turdy, bu gezek hem ilata öňünden duýduryş berilmedi

19-njy martda agşam Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde ýene-de güýçli şemal boldy. Hususan-da, güýçli şemal binalara zyýan ýetirdi. Türkmenistanyň häkimiýetleri bu gezek hem tebigy hadysa barada öňündeden sebit ýaşaýjylaryna habar bermedi. Ýatladyp geçsek, bir ýyl töweregi mundan ozal, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Lebap welaýatynda turan tupan köp sanly adam ýitgilerine we weýrançylyga sebäp boldy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylary güýçli şemalyň agşam 5-den soň turandygyny habar berýärler. Bu gezek uly weýrançylyk bolmasa-da, Türkmenabatda köp sanly binalara, şol sanda ýaşaýyş jaýlara zeper ýetdi.

Güýçli şemal Zelili we Bitarap Türkmenistan köçeleriniň ugrunda ýerleşýän, şeýle-de etrapçalarda ýerleşýän käbir köp gatly jaýlaryň üçeklerini ýykdy.

Güýçli şemal wagty Türkmenabadyň köçeleriniň birinde hereket edýän awtoulagyň sürüjisi tarapyndan düşürilen we YouTube saýtynda peýda bolan bir wideoda ýol kenarynda uly zeper ýeten jaýlary görmek bolýar. Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, bu wideo awtoulag Bitarap Türkmenistan köçesinden barýarka düşürilipdir.

Azatlygyň habarçysy, bu gezek hem, güýçli şemal barada häkimiýetleriň duýduryş bermändigini we şol sebäpden Lebap ýaşaýjylary üçin tebigy hadysanyň garaşylmadyk ýagdaýda bolandygyny habar berýär. Şol wagt köpler köçelerdedi diýip, habarçy habar berýär. Pidalar barada habar gowuşmady.

Habarçymyz güýçli şemal netijesinde Türkmenabadyň köp etraplarynda we welaýatyň oba ýerlerinde elektrik togunyň, suwuň we gazyň kesilendigini habar berdi. Bularyň üpjünçiligi Türkmenabatda şenbe güni irden dikeldildi. Köp obalarda heniz hem elektrik we gaz ýok. Muňa garamazdan obalarda elektrik, gaz we we suw üpjünçiligi bilen bagly problemalar hemişelik häsiýete eýedir diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçynyň sözlerine görä, Türkmenabatda geçen ýyl tupandan ejir çeken köp sanly öý heniz hem dikeldilmedi, sebäbi köplerde munuň üçin serişde ýok. Şonuň üçin şäheriň ýaşaýjylary häkimiýetleriň pidalara diňe bir kömek bermeýändiklerine däl, eýsem olaryň bolup biljek betbagtçylyklar barada ilata öňünden habar bermeýändiklerine-de nägilelik bildirýärler.

Ýatladyp geçsek, bir ýyl töweregi mundan ozal, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Lebap we Mary welaýatlarynda turan güýçli harasat onlarça adam ýitgisine sebäp boldy we müňlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirdi. Şol harasat bolanda hem häkimiýetler öňünden hiç hili duýduryş bermedi.

Häkimiýetler şu wagta çenli aprel tupanynyň pidalary we weýrançylygy barada hiç zat habar bermediler we ejir çekenlere hiç hili kömek bermediler. Ýaşaýjylar öz tagallalary we serişdeleri bilen öýlerini dikeltdiler. Elektrik, suw we beýleki infrastruktura üpjünçiligini dikeltmek üçin birnäçe aý gerek boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко испытала проблемы после снятия Рыбакиной с турнира в Риме






Hi-Tech Mail.ru: цена на iPhone 14 опустилась в России до 63 тысяч рублей

ФК “Уфа” сыграл с московским “Велесом” вничью

Клумбы Москвы украсили более 4,6 млн. цветов виолы

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России