Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Hytaý kanadaly öňki diplomata içalyçylykda şübhe bildirip, suda çekdi

0
Hytaý kanadaly öňki diplomata içalyçylykda şübhe bildirip, suda çekdi

Kanadanyň öňki diplomaty Maýkl Kowrigiň Hytaýda içalyçylykda bildirilen aýyplama esasynda 22-nji martda başlanan sudy Ottawa bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy.

Bu kazyýet işi 19-njy martda kanadaly telekeçi Maýkl Spaworyň ýapyk geçirilen sud diňlenişiginiň yzýanyna gabat geldi. Telekeçi 2018-nji ýylyň dekabrynda Kowrigiň tussag edilmeginden soň gysga wagtyň içinde saklanypdy.

Iki kanadalynyň iki ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanmagy Kanadanyň Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy "Huaweiň" baş maliýe işgärini tussag etmegi bilen bagly syýasy ar alyş hereketi hökmünde garalýar.  Meng Wanžou 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda ABŞ-nyň talaby boýunça tussag edilipdi.

Kanadanyň we beýleki günbatar diplomatlaryna sud diňlenişigine gatnaşmaga rugsat berilmedi. Hytaý muny milli howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündirdi we iki kanadaly adama garşy gozgalan işlere degişli gaty az maglumat berdi. 

Pekinde sud binasynyň daşynda Kanadanyň ilçihanasynyň wekiliniň orunbasary Jim Nikel 26 ýurduň, şol sanda ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Awstraliýanyň we ýewropa ýurtlarynyň ençemesiniň goldaw bildirmek üçin öz wekillerini iberendigini aýtdy.

“Maýkl Kowrig indi iki ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýar. Ol esassyz tussag edildi we indi biz kazyýet işiniň aç-açan däldigini görýäris "- diýip, Nikel žurnalistlere aýtdy.

19-njy martda Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau Hytaýy "sudy aç-açanlyk bolmazdan we Kanadanyň konsullyk işgärlerini goýbermezden gizlin geçirmekde aýyplady. "Aç-açanlygyň ýoklugy" düýbünden kabul ederliksiz"- diýip, Trudeau sözüniň üstüni ýetirdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Первая ракета мира Джокович получил бутылкой по голове после матча в Риме






«Угроза нового заморозка»: Позднякова предупредила дачников об ухудшении погоды

Заполняемость индустриальных парков Подмосковья достигла 87%

Стоматолог Ланцева: хруст в челюсти не опасен в одном случае

Пять нижегородских ДУКов вернули тепло 95% обслуживаемых домов