Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

ÝB 'AstraZeneca' waksinasynyň paýlanyşy barada duýduryş berýär

0
ÝB 'AstraZeneca' waksinasynyň paýlanyşy barada duýduryş berýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary agza döwletleriň arasynda COVID-19 sanjymlaryny paýlamak baradaky düşünişmezligi çözüp bilmediler we munuň koronawirusa garşy käbir waksinanyň eksportynyň gadagan edilmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdylar.

25-nji martda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen kompaniýalaryň ÝB-ni waksina bilen üpjün etmek boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirýänçä, COVID-19 waksinalarynyň Britaniýa we beýleki ýurtlara eksport edilmegine ýol bermejekdigini duýdurdy.

Won der Leýen, "AstraZeneca" waksinasyny agzap, sanjymlary eksport etmezden ozal kompaniýalaryň ÝB ýurtlary bilen baglaşan şertnamalaryna hormat goýmalydygyny aýtdy.

Niderlandlardaky "AstraZeneca" zawody üns merkezinde galýar. Britaniýa onuň öz waksina üpjünçiliginiň bir bölegi hasaplaýar.

Sammitiň ahyrynda ÝB-niň liderleri 10 million dozadan ybarat waksinanyň indiki tapgyryny nädip bölünjekdigi barada karara gelip bilmediler we muny ilçileriniň geljekki ýygnagyna geçirmek barada ylalaşdylar.

Waksinany ibermegiň gijikdirilmegine garamazdan, ÝB henizem uly ýaşly ilatyň 70%-ne tomusyň aýagyna çenli sanjym ediljegine ynam bildirýär. Bu aralykda, ABŞ-da waksinasiýa öňe barýar, bu bolsa prezident Jo Baýdeniň waksinasiýany aprel aýynyň ahyryna çenli iki esse köpeltmek barada göz öňünde tutulan maksadyna ýetmek mümkinçiligini artdyrýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме






В Болгарии начали инвентаризацию запасов НПЗ ЛУКОЙЛ Нефтохим Бургас

Специалисты Delivery Animal рассказали о том, как перевезти питомца из России за границу

Историческая реконструкция боев прошла в Дмитровском округе

Владелец: упавший в Мойку автобус был исправен и проходил техобслуживание 7 мая