Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Belaruslar Lukaşenka garşy protestleriň täze tolkunlaryna başlamaga çagyrylýar

0
Belaruslar Lukaşenka garşy protestleriň täze tolkunlaryna başlamaga çagyrylýar

Belaruslar ömri gysga bolan Belarus Halk Respublikasynyň ýyl dönümini belleýän mahaly, 25-nji martda oppozisiýa lideri belaruslary Alýaksandr Lukaşenka garşy täze protest tolkunlaryna başlamaga çagyrdy.

Tihanowskaýa belaruslary her ýyl bellenilýän Erkinlik gününden (Dzen Woli) peýdalanyp, Minskde we Belarusyň beýleki şäherlerinde awtoritar lidere garşy ýöriş geçirmäge we Belarusdaky syýasy krizise garşy agzybirlik yglan etmäge çagyrdy.

“Belaruslar eýýäm Erkinlik gününi belleýärler” diýip, Tihanowskaýa 24-nji martda twit ýazdy hem-de oppozisiýanyň gyzyl we ak reňklerinde feýerwerkleri görkezýän wideo paýlaşdy.

Ýöne bu çäre Minskde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Belarus halk fronty (BNF) oppozisiýa partiýasynyň başlygy Ryhor Kastusýonyň 22-nji martda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, polisiýa howpsuzlygy üpjün etmekden ýüz öwürmeklige pandemiýa çäklendirmelerini hem-de “Telegramda birnäçe ekstermist kanallaryň” 25-nji martda rugsat berilmedik köçe protestlerini geçirmek boýunça çagyryşlaryny” sebäp hökmünde sitirledi.

Amnesty International Belarus häkimiýetleriniň Erkinlik güni ýörişlerini "gorkunç zorlugyň ýene bir sahnasyna" öwürmäge taýýardyklaryny yşarat edendiklerini duýdurdy.

25-nji mart bir ýyldan hem az wagt dowam eden we 1918-nji ýylda esaslandyrylan Belarus Halk Respublikasynyň 103 ýyllygydyr.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме






"Спартак" лишился шансов выиграть чемпионат России

Ремонт Центральной улицы в Черноголовке завершат до конца года

«Зенит» сделал «Динамо» фаворитом гонки за золото! Поражение от ЦСКА поставило чемпионов на грань катастрофы

Журналисты узнали, как живут вне России дети Марии Голубкиной и Николая Фоменко