Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Britaniýada koronawirus çäklendirmelerini gowşadýar

0
Britaniýa 29-njy martda koronawirus çäklendirmelerini ýeňilleşdirmegiň ikinji tapgyryna basýar, ýöne premýer-ministr Boris Jonson Ýewropanyň beýleki ýerlerinde ýüze çykýan hadysalaryň we wirusyň täze görnüşleriniň abanýan howpuna salgylanyp, seresap bolmaga çagyrdy.


Britaniýada öýde bolmak buýrugy gowşadylyp, alty adama çenli daşarda ýygnanmaga rugsat berýär.


Täze düzgünler höwesjeňler toparlarynyň sportyň tennis, golf, basketbol we açyk howada ýüzmek ýaly görnüşleri bilen bile meşgullanmagyna täzeden başlamaga mümkinçilik berer.


Jonson Ýewropada keselleýänleriň sanynyň artmagy we Britaniýada waksinasiýanyň gidişine howp salýan keseliň täze görnüşleri sebäpli seresap bolmaga çagyrdy.


Germaniýada kansler Angela Merkel 28-nji martda seýrek telewizion çykyşynda, döwletiň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin tagallalaryny güýçlendirmegine basyş etdi.


Merkel, käbir ştatlaryň ýokanç ştammlar sebäpli çalt ýokarlanýan keselçilik derejesine garamazdan, ykdysadyýeti ýuwaş-ýuwaşdan açmagyna nägileligini bildirdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса