Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

USAID-iň goldawy Türkmenistana göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyryp biler

0
USAID-iň goldawy Türkmenistana göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyryp biler

Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) durnukly we ygtybarly “Aşgabat gazna biržasyny” (Ashgabat Stock Exchange) döretmek we berkitmek boýunça berýän goldawy, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyryp, ykdysady ösüş we iş orunlary üçin täze mümkinçilikler döredip biler diýip, agentligiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň işgäri Tammy Paltçikow “Trend” habar websaýtyna beren maglumatynda aýtdy. Bu barada “MENAFN” neşiri 1-nji fewralda habar berdi.

"Türkmenistanda USAID-iň ösüş strategiýalary türkmen ykdysadyýetini güýçlendirýär we diwersifikasiýalaşdyrýar, raýatlara gönükdirilen guramalary döredýär, gowy dolandyryşy güýçlendirýär, ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini, şeýle-de saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi giňeldýär" diýip, neşir Paltçikowyň sözlerini sitirledi.

Paltçikowyň sözlerine görä, USAID özüniň 2021-nji ýylda geçiren derňewine esaslanyp, “Aşgabat gazna biržasyna” gatnaşýan esasy taraplar üçin birnäçe türgenleşik okuwlaryny geçirmegi meýilleşdirýär.

“Bu türgenleşik okuwlary, gymmatly kagyzlar bazaryny we degişli guramaçylyk gurluşlaryny döretmekde beýleki ýurtlaryň tejribelerini paýlaşar” diýip, ol belledi.

Onuň sözlerine görä, USAID “Aşgabat gazna biržasynyň”, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Milli Geňeşiň Mejlisiň, Merkezi Bankyň we beýleki işewür guramalaryň ýolbaşçylary bilen işleşmegi meýilleşdirýär. Munuň netijesinde, USAID “Aşgabat gazna biržasyny” mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur goşmaça goldawy kesgitleýän hereket meýilnamasyny işläp taýýarlamagy maksat edinýär.

Paltçikow USAID-iň türkmen prezidentiniň “Aşgabat gazna biržasynyň” ösüşini öz içine alýan Türkmenistany 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny goldaýandygyny hem aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






МЧС предупредило об усилении порывов ветра в Москве

Пятиэтажный дом частично обрушился в Республике Коми

За майские праздники Елабуга приняла 25 теплоходов и свыше 3,6 тыс. туристов

Сын Куклачева: отец чувствует себя гораздо лучше, но пока под наблюдением врачей