Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

"Talyban" iki owgan žurnalistini tussag etdi diýip, olaryň kärdeşleri we maşgalalary aýdýar

0

Owganystanyň meşhur hususy teleýaýlym ulgamy “Ariananyň” iki ýerli žurnalisti “Talyban” güýçleri tarapyndan Kabulda tussag edildi diýip, olaryň kärdeşleri we maşgala agzalary aýdýarlar.

“Ariana” telewideniýesiniň başlygy Şarif Hassan Ýar 1-nji fewralda Twitter sosial ulgamynda tweet paýlaşyp, Waris Hasrat bilen Aslam Hijabyň sebäpsiz tussag edilendigini we olaryň maşgalalarynyň aladalanýandygyny aýtdy.

Olaryň ikisi-de ýaragly “Talyban” sakçylary tarapyndan 31-nji ýanwarda telewideniýäniň baş derwezesiniň öňünde tussag edildi diýip, olaryň kärdeşleriniň biri anonim şertde Germaniýanyň “dpa” habar gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

"Talybanyň" Baş aňtaw gullugynyň metbugat wekili Mawlawi Hamraz iki žurnalistiň agentligiň garamagyndaky tussaghanada däldigini aýtdy.

"Gözegçilik kameralarymyz olaryň hökümet ulaglaryna münen ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gidilendigini görkezýär" diýip, žurnalistleriň kärdeşi aýtdy.

Hasrat telewideniýäniň syýasy bölüminiň prodýuseri we alyp baryjysy bolup, Hijab köp ýyldan bäri habar kanalynyň ykdysadyýet bölüminde işleýärdi.

Iki žurnalistiň maşgalalary metbugata gözegçilik edýän guramalardan olaryň boşadylmagy ugrundaky göreşde özlerine kömek etmegi soradylar.

Bu tussag edilmeler, “Ariana” tarapyndan göni ýaýlymda efire berlen gepleşikdäki myhmanyň “Talyban” režimini tankyt edeninden bir gün soň boldy. Gepleşigiň bir bölegi sosial ulgamlarda giňden ýaýrady.

"Talyban" awgust aýynda häkimiýet başyna geçeli bäri demonstrantlary, aýallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleri we žurnalistleri tussag edýär.

Tussaglykdan boşadylan žurnalistleriň käbiri enjamlarynyň konfiskasiýa edilendigini we gynamalara sezewar bolandygyny habar berdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






В Гидрометцентре спрогнозировали сроки потепления в Москве

Женская команда по гандболу «Ставрополье» одержала четвёртую победу подряд

Участник встречи на Эльбе ветеран США Кон призвал не допустить третьей мировой

Две пары Поморья примут участие во Всероссийском свадебном фестивале в рамках Международной выставки-форума «Россия»