Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Aşgabadyň polisiýasy zibil taşlanýan gaplaryň içini dörýänleri ýene tutup başlady

0
Aşgabadyň polisiýasy zibil taşlanýan gaplaryň içini dörýänleri ýene tutup başlady

Aşgabadyň polisiýasy hapa taşlanýan gaplaryň içini dörýän adamlary saklamak üçin reýd geçirýär. Paýtagt häkimiýetleriniň galyndylaryň taşlanýan ýerleriniň daşyndaky ýagdaýa ünsi güýçlendirmegi ýurtda Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine taýýarlyk görülýän wagtynda gabat gelýär. Şäheri abadanlaşdyrmak boýunça çäreler bilen bir hatarda sebitleriň ýaşaýjylary paýtagtdan kowulýar, öýsüz adamlar tussag edilýär we idegsiz haýwanlar ýok edilýär.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, polisiýanyň awtoulaglary paýtagtyň howlularyny aýlanýar we zibil gaplarynyň golaýynda saklanýan adamlary polisiýa bölümine äkidýär.

30-njy etrapçada polisiýa hapa taşlanýan gaplaryny dörýän adamlary saklap, ulagly alyp gitdi. Hususan-da, çüýşe we "baklažka" diýilýän plastik gaplary kabul edýän kärhanadan uzak bolmadyk bir ýerde ýerleşýän zibil gutularynyň golaýynda iki ýaş adamy sakladylar we polisiýa bölümine eltdiler. Bu waka 3-nji fewralda irden boldy. Tutulan adamlaryň tigirleri konteýnerleriň golaýynda galdy.

Bu barada habar berýän habarçynyň sözlerine görä, tussag edilenler başga welaýatlaryň ýaşaýjylary.

Polisiýadan başga-da, öý dolandyryş edaralaryň işgärleri-de hapa taşlanýan gaplaryna gözegçilik etmek işine gatnaşýarlar. Köp jaýlaryň howlularynda garawullar zibil gaplarynyň öňünde nobatçylyk edýärler, konteýnerleriň içine seretjek bolýan adamlary kowýarlar we zibil dörmegi gadagan edýärler.

Habarçylar, şeýdip, häkimiýetleriň garyplyga garşy göreşýändigini aýdýarlar. Türkmen resmileri geçmişde zibil dörýän adamlaryň "şäheriň daşky görnüşini bozýandygyny" we olaryň bolmagynyň "gülläp ösýän ýurduň" paýtagtynyň keşbine ters gelýändigini birnäçe gezek aýdypdy.

Bu aralykda, Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň häkimiýetleri beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylary bolan içerki zähmet migrantlaryny çykaryp, kowýarlar.

Ýanwar aýynyň aýagynda, Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň polisiýasy, Migrasiýa gullugynyň işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň paýtagtynda we Ahalda işlemek hukugyny berýän şahadatnamasy bolmadyk zähmet migrantlaryny anyklamak boýunça reýd geçirdiler we welaýatlylaryň ençemesini sakladylar. Şeýle hem, tussag edilen migrantlardan koronawirusa garşy sanjym alandygy baradaky resminama we başga-da birnäçe kagyz talap edildi.

Öňden bäri gelýän tejribelere görä, paýtagtda içerki migrantlary tutmak, öýsüz-öwzarsyzlary we serhoş adamlary tutmak, şeýle-de itleri we pişikleri ýok etmek boýunça işleriň aktiwleşmegi döwlet baýramçylyklaryň we ýurduň syýasy durmuşyndaky möhüm seneleriň öňýanyna gabat gelýär. Edil häzir ýurduň häkimiýetleri Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine taýýarlanýarlar. Paýtagtdaky ýaly çäreler şu günler sebit merkezlerinde hem geçirilýär.

Habarçylar gözegçiligiň berkidilmegine garamazdan, girdeji çeşmesi bolmadyk adamlaryň konteýnerleriň içini dörmegiň usullaryny tapýandyklaryny, gözegçileriň gitmegine garaşyp, soň işini dowam etdirýändigi habar berdiler.

Köpüsi zibil dörüp, çörek, karton, aýna we plastik çüýşeleri gözleýärler. Iň köp gözlenýän zatlaryň biri "baklažka" diýilýän plastik çüýşeler. Gaýtadan işlenýän serişdeleri kabul edýän kärhanalar plastik gaplary kabul edýär we ujypsyz pul berýär.

Häzirki wagtda bir kilogram plastigi tabşyryp, 5-6 manat gazanyp bolýar. Mundan başga-da, zibil dörýänler esasan mala iýmlik üçin çörek gözleýärler diýip, habarçylar aýdýarlar.

Zir-zibilleri dörýän adamlaryň sany 2020-nji ýylyň bahar aýlarynda dessine artdy. Türkmenistandaky zibil ýerleri ençeme adam üçin ýeke-täk girdeji çeşmesine öwrüldi we dawalaryň döremegine sebäp boldy. Galyndy gaplaryň içindäki zibillere mätäç adamlardan başga-da, töwerekdäki ýerleri arassalaýan jaý dolandyryş kärhanalaryň we jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan hem isleg atdy. Galyndylaryň üstünde dawalar köpeldi, ýakalaşyklar we hatda adam öldürmek ýaly hadysalaryň ençemesi köpçülige belli boldy.

Pandemiýa ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň ýagdaýyny esli erbetleşdirdi. Koronawirus çäklendirmeleri köp sanly türkmen raýatyny girdeji çeşmesinden doly mahrum etdi. Döwlet edaralarynyň iş ýerlerini azaltmagy dowam etdirýän wagtynda, hususy kärhanalaryň uzak wagtlap ýapyk durmagy telekeçileri we işgärleri durnukly girdejiden mahrum etdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri açyk-aýdyň ykdysady kynçylyklary we ilatyň ýagdaýynyň barha ýaramazlaşmagyny resmi taýdan ykrar etmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости






Панда Катюша общается с посетителями через стекло

В Калининграде «Литературная газета» представит шорт-лист премии «ГИПЕРТЕКСТ»

В Пензе стартовали соревнования по спортивному ориентированию

В столице на фестивале «Московская весна» на Коптевском бульваре проходят спортивные конкурсы