Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Gijeki protestde aýallar Aktau häkimliginiň öňündäki ýoly bagladylar

0
Gijeki protestde aýallar Aktau häkimliginiň öňündäki ýoly bagladylar

Ýaşaýyş jaý meselesiniň çözülmegini talap edýän eneleriň bir topary 9-njy fewral gijesi Mangistau sebitiniň dolandyryş merkezi Aktauda, häkimligiň binasynyň öňündäki ýoly bekledi.

Habar berilmegine görä, sagat 10 töweregi köp çagaly we maýyp çagalary bolan eneler sebit häkimliginiň binasyna gelip, häkimiň çykyp, özleri bilen gürleşmegini talap edipdirler. Häkim çykmansoň, aýallar topary ýoly petikledi.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolarda onlarça aýalyň ýoly baglandygy we yzlaryna öwrülip gidýän awtoulaglaryň ilki olara signal berip, biraz garaşýandygy görünýär.

Şaýatlaryň biri Azatlyk radiosyna polisiýanyň märekäni yza çekip, awtoulaglara ýol açmaga synanyşandygyny aýtdy. Gapma-garşylygyň dowamynda bir gartaň aýal haldan gaçyp, soň huşuny ýitirdi.  Ol aýala şol ýerde lukmançylyk kömeginiň berlendigi ýa-da däldigi entek belli däl.

Sebit häkimliginiň wakanyň bolan ýerine gelen wekili ýygnanan adamlara bu çäräniň bikanundygyny aýtdy, ýöne onuň aýdan sözleri  protestçileriň hasam gaharyny getirdi.

“Biz näçe sagat bäri durus? Häkim näme üçin gelmeýär? Ol bizi haçan kabul eder?” diýip, wideodaky aýallaryň biri soraýar.

Protestçiler ýerli häkimiýetlerden ýaşamaga berlen döwlet jaýlarynyň hususylaşdyrmagyny talap etdiler. Maýyp çagalary bolan eneler, "çagalarynyň köçede galmagyny islemeýändiklerini" aýdyp, ýaşaýyş jaý meselesiniň haýal etmän çözülmegini talap etdiler.

Ýoluň ýapylmagy ýarym sagat töweregi dowam etdi. Häkimligiň işgärleri protestçileriň 9-njy fewralda, irden Mangistau sebitiniň häkimi Nurlan Nogaýew tarapyndan kabul ediljekdigini aýtdylar. Protestçiler, howa gaty sowuk bolansoň, gije sagat 3:00-a golaý öýlerine gaýdandyklaryny aýtdylar.

Türkmenistan bilen serhetleşýän Mangistau sebitinde geçirilýän protest çäreleriniň sany köpelýär. Žanaozen şäherinde işsiz ýaşaýjylaryň protestleri dowam etdirilýär, olar işsizlere nebit pudagyndan iş berilmegini talap edýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Рафаэль Надаль

Рафаэль Надаль: Рекордный 10-кратный чемпион, побежденный в двух сетах Хубертом Гуркачем на Открытом чемпионате Италии | Теннисные новости






Финалистов патриотической акции «Рисуем Победу» наградят в Музее Победы

Лесничие Талдомского округа убрали упавшее дерево с дороги

В отношении ударившего девочку в Люберцах мужчины возбудили второе уголовное дело

В 7 корпусах подмосковного ЖК «Прибрежный Парк» начали монтаж инженерных систем