Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Prezidentlige dalaş etjek ýene iki kandidat hasaba alyndy

0
Prezidentlige dalaş etjek ýene iki kandidat hasaba alyndy

TDH-nyň 19-njy fewralda çap eden maglumatyna görä, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta-hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alynypdyr.

Ýurduň syýasy durmuşynda ozal ady eşidilmedik bu kandidatlar raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgär hökmünde hödürlendi.

17-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar prezident saýlawlary boýunça dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlarynyň 6-synyň hasaba alnandygyny we olaryň eýýäm gollary ýygnamak işlerine başlandyklaryny habar beripdi.

Mundan öň, 12-nji fewralda köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna ýurduň Demokratik partiýasyndan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de ýurduň Agrar partiýasyndan Agajan Bekmyradow hasaba alyndy.

Soňky ýyllarda syýasy basgançaklaryndan uly tizlik bilen ýokary çykarylan Serdar Berdimuahmedowyň bu saýlawlarda aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Şu wagta çenli dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylar tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.

Bu aralykda, daşary ýurtlardaky türkmenler saýlawlara gatnaşmak islegini yglan edýärler. Özlerini dalaşgär hökmünde hödürlänler Türkmenistanda prezidentlik wezipesiniň atadan ogla geçmegine gönüden-göni ýol açýan häzirki saýlaw kampaniýasyndan nägileligini bildirýärler we agyr syýasy-ykdysady krizisdäki ýurduň geljekki 7 ýyl üçin täze ýolbaşçysyny saýlamaga alternatiwa ýol berilmegini talap edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Калинская

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме






Стоматолог Ланцева: хруст в челюсти не опасен в одном случае

Во Владимир 16 мая прибудет Казанская икона Божией Матери

«Пока не приходится»: Позднякова предупредила о неблагоприятной погоде в Москве

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.