Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Maryly söwdagärler bazar kynçylyklarynyň çözgüdine saýlawlardan çykalga gözleýär

0
Maryly söwdagärler bazar kynçylyklarynyň çözgüdine saýlawlardan çykalga gözleýär

Mary welaýatynyň Baýramaly etrap bazarynyň karantin sebäpli ýapyk galmagynyň fonunda, welaýatyň dürli etraplaryndan gelen söwdagärler Baýramly şäheriniň golaýynda özbaşdak bazar döretdiler. Bu aralykda, häkimiýetleriň başa barmaýan wadalarynyň arasynda, köp adam bazarlaryň ýapyk galmagy bilen bagly uzaga çeken kynçylyklaryň çözgüdine saýlawlardan çykalga gözleýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, etrap bazary 16-njy ýanwarda karantine ýapylansoň, söwdagärler gök-bakja önümleriniň çüýräp, zaýa bolmagynyň öňüni almak üçin Medeniýet ýolunyň ugrunda özbaşdak bazar döretmäge mejbur boldular.

"Biziň satmak üçin alan azyklarymyz gözümiziň öňünde zaýalanyp başlady. Biz "gökçüler" bolup bir çykalga tapmagy maslahatlaşyp, şäheriň gyrasynda azyklarymyzy satyp başladyk. Ilkibaşda biziň sanymyz takmynan 30-40 adamdy. Soňra welaýatyň dürli etraplaryndan diňe azyk däl, eýse egin-eşik, derman, elektronika, gazan we ojak satýan söwdagärler bize goşuldy. Biz uly bazar bolduk" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran söwdagärleriň biri 21-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme söwdagäriň sözlerine görä, şondan soň, has takygy 31-nji ýanwardan bäri häkimligiň işgärleri bu bazara gaýta-gaýta gelip, söwdagärleri bu ýerden kowmaga synanyşýarlar.

"Olar bize ilki 1-nji fewralda, soňra-da 15-nji fewralda esasy bazaryň açyljakdygyny wada berdiler. Köp söwdagär häkimligiň işgärleriniň sözüne ynanyp, şol günlerde etrap bazaryna bardy. Ýöne häkimlik beren wadalarynda tapylmady. Bazar açylmady. Şondan soň bu bazardaky söwdagärleriň sany 1 müňden geçdi" diýip, söwdagär belledi.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri 15-nji ýanwarda ýurtda ýene bir gulplama girizdi. Bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we güýmenje desgalary ýapyldy. Şeýle-de, ýurt içindäki uçuşlar çäklendirilip, ýollara gözegçilik güýçlendirildi. Bu çäklendirmeleriň arasynda, müňlerçe adam gazançsyz galdy.

Bu aralykda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan söwdagärler 18-nji fewralda häkimiň bazara gelip, olary "Serdar Berdimuhamedowa ses bermäge" çagyrandygyny we "ol prezidentlige saýlansa, ähli bazarlaryň açyljakdygyny" ýene bir gezek wada berendigini hem gürrüň berdiler.

"Häkim "Ýygnanyň, bir gowy, hoş habar getirdim" diýip, satyjylary bir ýere üýşmäge çagyrdy. Emma "ýene boş gürrüň" aýdar diýip, ýekeje adam hem barmady. Adamlar häkimiň ýanyna barmansoň, ol bazaryň orta gürpüne baryp, uly ses bilen "Ine, basym saýlaw bar. Serdar Berdimuhamedow saýlansa, nesip bolsa bazarlaryň ählisi açylar" diýip, halka Serdara ses bereliň diýen äheňde çykyş etdi" diýip, söwdagär aýtdy.

Ýöne "häkimiýetleriň başa barmaýan wadalaryndan halys ýadan" adamlar bazarlaryň ýapyk galmagy bilen bagly uzaga çeken kynçylyklaryň çözgüdine saýlawlardan çykalga gözläp, häkimiň bu çagyryşyna garşylyk görkezdiler we saýlawlarda öz welaýatlaryndan çykan dalaşgäre ses berjekdiklerini aýtdylar.

"Adamlar "Öňem [şolardan] bizar. Häkimiýet başyna biri-birinden beterler gelýär. Biz öz welaýatymyzdaky adama, ýagny häkimiň orunbasary Agajan Bekmyradowa ses berjek" diýdiler. "Indi gelip, bize zat aýtmaň. Biz sizden bizar bolduk" hem diýip, adamlar sözlerine goşdy. Häkim geplemän yzyna gitdi" diýip, baýramalyly söwdagär sözüni jemledi.

Bellesek, 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryna şu günki güne çenli (21-nji fewral) başga-da üç kandidat bilen bir hatarda, döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow dalaşgärlik edýär.

Habarçylarymyz we Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň edara-kärhanalarynda Serdar Berdimuhamedowy wagyz etmek işleriniň onuň dalaşgärligi ýurtda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar tarapyndan bellige alynmazdan öň, ýagny 14-nji fewralda başlanandygyny habar berdiler. Merkezi topar Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligini 15-nji fewralda hasaba alypdy.

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýän Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgär hödürlendi. Bu baradaky karar partiýanyň 15-nji fewralda Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda kabul edildi. Onuň prezidentlige dalaşgärligi Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar tarapyndan 16-njy fewralda bellige alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






"Спартак" лишился математических шансов выиграть Российскую премьер-лигу

«Лучше ты умрешь!» Семья убитой в Турции москвички проклинает ее мужа

ЦСКА обыграл «Зенит» в чемпионате России

Тарифы на железнодорожные перевозки из Китая в Россию и Белоруссию резко возросли