Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Daşoguzda prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

0
Daşoguzda prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

21-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşmak üçin welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýygnandylar.

Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, obalarda we şäherlerde täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleri hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak meselelerini aýratyn nygtady diýip, resmi habarda bellenýär.

Şeýle-de ol welaýatda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň, olaryň durkuny täzelemegiň möhümdigine, hususan-da, Aşgabat — Daşoguz, welaýat merkezini Ruhubelent etraby hem-de Köneürgenç şäheri bilen birleşdirýän awtomobil ýollaryna ünsi çekdi.

Dalaşgäriň maksatnamasynda telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine hususyýetçileri çekmek wezipeleri kesgitlenildi diýip, TDH S.Berdimuhamedowyň ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna hem jogap berendigini belleýär.

Türkmen telewidenieýesi hem dalaşgäriň saýlawçylar bilen duşuşygy barada TDH-nyň habaryny bermek bilen çäklendi.

Prezidentlige dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri doly açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda dowam edýär diýip, TDH ýazýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






Путин обратился к участникам KazanForum: Дорожим связями с мусульманскими странами

Лукашенко о ядерных учениях: для того, чтобы применить такое оружие, надо тренироваться

Володин: Путин внес в Госдуму РФ кандидатуру Мишустина на пост премьер-министра

Олег Газманов рассказал, как его друзья-иностранцы относятся к Москве