Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Nawalny Russiýanyň Ukraina eden hüjümini ýazgardy

0
Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny, özüniň üstünden geçirilen sud diňlenişigiň dowamynda eden çykyşynda,  Russiýanyň Ukraina hüjümini ýazgardy.


24-nji fewralda Nawalny pul galplyklary bilen bagly, özüniň hem olary syýasy matlaplydygyny aýdýan, aýyplamalar esasynda geçirilen diňlenişigiň dowamynda etjek beýanatyny suduň protokolyna goşulmagyny sorady.


“Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş Russiýanyň raýatlaryndan edilen ogurlyklaryň, şeýle-de ýurduň öz içindäki meselelerden ünsi sowmak üçin başladyldy” diýip, ol belledi.


Ol urşuň “köp sanly adam pidalaryna getirjekdigini, köpleriň geljegini weýran etjekdigini we Russiýanyň halkynyň mundan beýläk hem gurpdan düşmegine sebäp boljakdygyny” aýtdy.


Ol “Men urşa garşy” diýip bellemek bilen, konfliktiň ähli jogapkärçiligini rus prezidenti Wladimir Putiniň çekýändigini aýtdy. “Bu urşy başladanlaryň ählisi garakçylar we jümrüler” diýip, ol sözüne goşdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса