Germaniýa Ukrainany ýaraglar bilen üpjün eder
Mundan başga-da, 26-njy fewralda Berlin Niderlandlara Germaniýada öndürilen tanklara garşy ýüzlerçe ýaragy Ukraina bermegi üçin ygtyýarlyk berendigini aýtdy.
“Russiýanyň Ukraina hüjümi kesgitleýji pursat boldy. Ukrainany Putiniň çozuşyndan özüni gorap bilmegi üçin goldamalydyrys” diýip, kansler Olaf Şolz aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Germaniýanyň bu kararyny goldap, “muny dowam ediň, kansler Olaf Şolz” diýip belledi.
