Tihanowskaýa: Lukaşenka Belarusy Ukrainadaky wakalara çekip ‘dönüklik’ etdi
“Lukaşenka dönüklik etdi. Ol biziň ýurdumyzy Ukraina edilen hüjüme çekdi” diýip, ol 26-njy fewralda Twitter hasabynda ýerleşdiren wideo-ýüzlenmesinde aýtdy.
Lukaşenka belarus goşunynyň konflikte gatnaşmaýandygyny öňe sürse-de, Russiýa şu hepdäniň başynda Ukraina garşy ganly hüjüme başlamak üçin Belarusyň territoriýasyndan hem peýdalandy.
Minsk Moskwa üçin ýurduň ýag-ýangyç stansiýalaryny, howa goranyş we gözegçilik ulgamlaryny hem elýeterli etdi.
