Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 01.03.2022

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dekanlar köpçülikleýin işden çykarylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ençeme, hususan-da, Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) dekanlar köpçülikleýin işden çykarylyp, olara derek täze bilim işgärleri wezipä bellenilip başlandy. Ýagdaýdan habarly bilim işgärleri bu kadr çalşygynyň sebäplerini, ýurtda amala aşjak häkimiýet çalşygynyň öňüsyrasynda, "iş ýerleriniň, wezipeleriň satylyp başlanmagy" bilen düşündirýärler.

Balkan S.Berdimuhamedowyň saparyna garaşýar. Onuň Mara garaşylan sapary ýene amala aşmady

Azathabar.com 

Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimiýetleriniň ikisi-de prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji fewralda öz sebitlerine sapar etmegine garaşyp, berk taýýarlyk gördi. Emma Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy S.Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylan saparynyň 28-nji fewralda hem amala aşmandygyny habar berýär. Onuň Balkana etmegine garaşylýan saparynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy häzirlikçe nämälim bolmagyna galýar. Ýöne habarçylarymyz S.Berdimuhamedowyň Balkana we Mara etmegine... Читать дальше...

Saýlawlaryň öňüsyrasynda azyk arzanlaýar, ýöne bankomatlarda nagt ýetmezçiligi saklanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, Aşgabadyň häkimiýetleri azyk gymmatçylygyny we gytçylygyny wagtlaýyn bolsa-da çözmäge çalyşýar. Şu günler paýtagtda azyk harytlarynyň bahalary ýene arzanlady. Muňa garamazdan, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi. Paýtagtyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk önümleriniň bahalary günsaýyn arzanlaýar. Mysal üçin, 1-nji... Читать дальше...

Maryda adamlar ýene metjitden kowuldy

Azathabar.com 

"Biz gaty sada we ynanjaň halk. Biz telewizorda ýurduň metjitlerinde sadaka geçirilip, adamlaryň juma namazyny okaýandygyny görenimizde, metjitlerde iň bolmanda juma namazyny okamaga rugsat berilýändir öýtdük. Ýöne seredip otursak, telewizorda oýunçylar oýun oýnap, bize telewizorda spektakl görkezen ekenler. Sebäbi ýene onlarça adamy baş metjitden kowdular" diýip, Mary welaýatynyň baş metjidine goýberilmedik adamlaryň biri aýtdy.

Prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda 200-den gowrak adam tussag edildi

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna dürli çäreler bilen taýýarlyk görýär. Saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň çäginde häkimiýetler reýdleri geçirip, ten we psihotrop maddalarynyň söwdasy bilen bagly 200-den gowrak adamy tussag etdi. Şeýle-de, olar ilatyň gijeki hereketine gözegçiligi güýçlendirdiler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi paýtagtdan habar berýär.

Maryda COVID-a garşy ‘buster’ sanjymlary urulýar, çäklendirmeler gowşadylmaýar

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän wagty, ýurduň dürli künjeklerinde ilata COVID-a garşy üçünji, ‘buster’ sanjymlaryny urup başlady. Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary häkimiýetleriň saýlawlaryň öňüsyrasy käbir COVID çäklendirmelerini gowşatmagy göz öňünde tutýan döwri, koronawirus hadysalarynyň entegem ýüze çykarylýandygyny aýdýarlar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisi Russiýa urşy bes etmegi üçin basyş edýär

Azathabar.com 

BMG-niň Russiýadan Ukrainadaky urşuny derhal bes etmegini, goşunlaryny yzyna çykarmagyny we haýal etmän parahatçylykly çözgüt gözlemegi talap edýän rezolýusiýasyny onlarça ýurduň ilçileri goldady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 28-nji fewralda başlanan mejlisi 193 agzaly guramanyň soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt içinde çagyran ilkinji gyssagly ýygnanyşygy boldy. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş mejlisi uruş pidalary üçin bir minutlyk dymyşlyk bilen açdy we "Ukrainadaky söweşler bes edilmeli" diýdi. Читать дальше...



Rus goşunlary Kiýewiň daşyny gabaýar, 70-den gowrak ukrain esgeri top okundan öldi

Azathabar.com 

Rus güýçleriniň 1-nji martda Ukrainanyň günortasyndaky Kerson şäheriniň eteginde barlag nokatlaryny gurandygy we Kiýewiň daşynda harby ulaglaryň uzyn kerwenini toplaýandygy baradaky habarlar bilen, Russiýanyň Ukrainadaky urşy altynjy gününe girdi. Sumy sebitiniň başlygy Dmytro Žywitski 1-nji martda Facebookda, Harkow bilen Kiýewiň aralygynda ýerleşýän Oktyrka şäherinde, rus goşunlarynyň harby bazany topa tutmagy netijesinde, 70-den gowrak ukrain esgeriniň öldürilendigini habar berdi. Şu aralykda... Читать дальше...

Türkmen diplomatlary saýlaw synlamaga gelen GDA wekiliýeti bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň irki prezident saýlawlaryna baha bermäge gelen GDA synçylarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygynda Aşgabada gelen wekiliýet, görnüşinden, 12-nji martda geçiriljek saýlawlary synlamaga razylyk beren ýeke0täk daşary ýurt synçylar topary bolar. Türkmen DIM-i 28-nji fewralda geçirilen duşuşykda prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň depgini... Читать дальше...

Iki gyrgyzystanlynyň şweýsar bankyndaky millionlary

Azathabar.com 

Şweýsariýanyň banklarynyň birinden, iki gyrgyzystanlynyň uly möçberdäki bank hasaplary tapyldy. Gyrgyzystanly Orozahun Saýdazimow, ol häzir Roý Azim ady bilen tanalýan hem-de öňki ministr Kapar Kurmanaliýewiň aýalynyň “Credit Suisse” bankynda hasaplarynyň bardygy žurnalistik derňewleri wagtynda belli boldy. Iki sany gyrgyzystanlynyň gizlin bank hasaplary “Credit Suisse syrlary” atly serhetara žurnalistler derňew proýektiniň geçiren barlaglary wagtynda aýan edildi. Kapar Kurmanaliýew 2008-2010-njy... Читать дальше...

Türk prezidenti Lukaşenka bilen Ukrainadaky urşy maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň edarasy Russiýanyň Ukraina edýän hüjümini Moskwa bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durýan belarus hökümdary Aleksandr Lukaşenka bilen ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. 1-nji martda, irden geçirilen telefon söhbetdeşligi düýn Belarusda ukrain we rus resmileriniň arasynda ýaraşyk barada geçirilen gepleşiklere gönükdirildi. Bu gepleşik görnetin netijesiz, ýöne ýakyn günlerde ýene bir gepleşik geçirmek ylalaşygy bilen tamamlandy. Aýdylmagyna görä, Erdogan NATO... Читать дальше...

ABŞ BMG-niň rus missiýasynda işleýän 12 diplomaty içalyçylykda aýyplap, ýurtdan kowýar

Azathabar.com 

Russiýanyň BMG-däki diplomatik missiýasynyň 12 agzasyna 7-nji marta çenli ABŞ-dan çykmak buýruldy, olar “aňtaw gullugynyň işgerleri” bolup, içalyçylyk bilen meşgullanmakda aýyplanýar. ABŞ-nyň BMG-däki missiýasynyň metbugat wekili ýurtdan çykarylýan diplomatlaryň ýaşaýan ýurtlarynyň "milli howpsuzlygyna zyýan berýän içalyçylyk işlerine gatnaşmak bilen, ABŞ-da ýaşamak hukugyndan hyýanatçylykly peýdalanandygyny" aýtdy. Missiýa aýyplanýan diplomatlary ýurtdan çykarmak kararynyň üstünde “birnäçe aý... Читать дальше...

Rus çozuşynyň güýçlenmegi bilen, Ukraina gepleşik geçirýär

Azathabar.com 

Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky gepleşikler görnetin netijesiz tamamlandy. Geçen hepde Ukraina esassyz çozan Kremliň halkara izolýasiýasynyň barha çuňlaşmagynyň arasynda, rus goşunlary Ukrainanyň paýtagtyna we beýleki uly şäherlerine ýakynlaýar. 28-nji fewralda rus artilleriýasynyň Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowyň ýaşaýyş etraplaryny bombalandygy habar berildi. Rus çozuşynyň bäşinji gününe girmegi bilen, ukrain tarapy gepleşiklere derhal atyşygyň bes edilmegini we rus goşunlarynyň yza çekilmegini talap etmek üçin girdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Медведев рассказал, что у него не получилось в первом сете матча с Арнальди в Мадриде






Памятную доску герою ВОВ Леониду Виноградову открыли в Мытищах

Водитель автомобиля сбил мальчика на велосипеде на переходе в Южном Бутове

Прокуратура Москвы: тело мужчины нашли в лесопарке в Сокольниках

В Сербии выключили гимн России на чемпионате Европы по боксу