Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 23.03.2022

Polşa Russiýanyň 45 diplomatyny ýurtdan kowmakçy bolýar

Azathabar.com 

Polşanyň aňtaw gullugy 23-nji martda Warşawadaky Daşary işler ministrliginden 45 sany rus diplomatynyň ýurtdan çykarylmagyny sorady.  Polşanyň içalyçylyga garşy gullugy ABW-niň metbugat sekretary Stanislaw Zarynyň sözlerine görä, ol diplomatlar Moskwanyň gizlin gullugynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde güman edilýär. Zaryn žurnalistlere "Içerki howpsuzlyk gullugy Polşada diplomatik wekilhanalary penalap işleýän 45 adamyň sanawyny düzdi" diýdi we ol adamlaryň Polşany nyşana almakda güman edilýändigini sözüne goşdy. Читать дальше...

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda täze prezidentiň portretleri oturdylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portretleri ýurduň ähli döwlet edaralarynda peýda bolar. Edaralara we kärhanalara berlen tabşyryga görä, 15 ýyllap ýurdy dolandyran prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratlary oglunyň portretleri bilen çalşyrylmaly. Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda resmi taýdan kakasynyň wezipesine geçdi. Lebap welaýatynda, Türkmenistanyň täze prezidentiniň portretleri kanun goraýjy edaralarda eýýäm peýda boldy. Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini... Читать дальше...

Russiýa hüjümini dowam etdirýär, Zelenski BMG-ni tankytlaýar

Azathabar.com 

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 22-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy alyp baran "absurd urşunyň" togtadylmagyna çagyrdy we muny adamlary "ýerdäki dowzahdan" geçirmek we "ýeňiş gazanaylmajak" konflikt diýip atlandyrdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bolsa, Moskwanyň öz ýurduna sebäpsiz goşun sürmegini wagtynda we ýeterlik derejede ýazgaryp bilmändigi üçin, BMG-ni tankyt etdi. Ol 23-nji martda ýapon parlamentiniň öňünde eden wideo çykyşynda "Ne BMG, ne-de BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi işledi. Читать дальше...

“Russiýany eklemek bize galdymy?!”: Türkmen potratçylary häkimiýetleriň eksport talabyndan nägile

Azathabar.com 

Russiýanyň sebäpsiz Ukraina çozmagy netijesinde Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri potratçy telekeçilere Russiýa gök-bakja önümleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, towuk etleriniň, şeýle-de beýleki azyklaryň eksportynyň artdyryljakdygyny dilden duýduryp başladylar. Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady çökgünligiň arasynda, ýurt raýatlarynyň özleri-de ýiti azyk ýetmezçiliginden we gymmatçylygyndan ejir çekýärler. Azatlygyň habarçylary söhbetdeş... Читать дальше...

Ukraina Russiýa bilen dokuz koridor barada ylalaşandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Ukraina birnäçe şäherde galan parahat ilatyň ewakuasiýa edilmegine ýol açmak üçin Russiýa bilen dokuz sany gumanitar koridor açmak ylalaşygyna gelendigini aýtdy. Wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk 23-nji martda ylalaşylan dokuz karidoryň arasynda Mariupoldan Zaporižiýa çenli hem bir koridoryň bardygyny, emma onuň gabaw astyndaky şäheriň merkezinden däl-de, eteginden uç alýandygyny aýtdy. Mariupoluň merkezinde azyk-suwluksyz we toksuz galan on müňlerçe adam iki hepde gowrak wagt bäri howpsuz ýere çykyp bilmän otyr. Читать дальше...

Russiýanyň ilçihanasy gyrgyzystanly esgeriň Ukrainada ölendigini tassyklady

Azathabar.com 

Russiýanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy öz telegram kanalynda Gyrgyzystanda doglan ýigidiň Ukrainadaky söweşde ölendigini tassyk etdi. "Russiýanyň gyrgyz asylly raýaty, RF-nyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda şertnama esasynda gulluk edýän esger Dorboýew Egemberdi Bekkazymowiç Ukrainany ýaragsyzlandyrmak we nasissizleşdirmek üçin guralan ýörite harby operasiýa wagtynda söweşjeň tabşyrygy ýerine ýetirende gahrymanlarça wepat boldy” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar. Diplomatiki wekilhana ýogalan esgeriň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Türkmenabatda ýer edinmek üçin “$10 müň para bermeli”

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda onlarça ýyllyk könelen binalar ýer-ýegsan edilip, olaryň ýerleşen sebitleri ýaşaýjylara jaý salmak üçin bölünip berilýär. Emma Azatlygyň habarçylary şäheriň çägindäki bu sebitlerden ýer edinmek üçin, raýatlaryň ýerli resmilere para bermeli bolýandyklaryny anyklamagy başardylar. “Häzir Türkmenabadyň Ýer serişdeleri gullugy tarapyndan ýykylan binalaryň ýerlerinden ilata alty sotka meýdan bölünip berilýär. Bu ýerlerde jaý salmaga hem rugsat berilýär. Читать дальше...

Makron Zelenski, Putin bilen telefonda gürleşdi, ‘Ylalaşyk ýok’

Azathabar.com 

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron aýry-aýrylykda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we rus kärdeşi Wladimir Putin bilen mümkin bolan ýaraşyga zerur bolan şertler barasynda telefonda gürleşdi. 22-nji martda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, telefon söhbetdeşliginde hiç bir "ylalaşyk gazanylmady", ýöne Makronyň "tagallalary dowam etdirmek zerurlygyna ynanýandygy" we Russiýanyň çozuşyna garşy durmakda "Ukrainanyň ýanynda durýandygy” aýdylýar.  Emma Elisse köşgüniň habarynda Putin... Читать дальше...

"Talyban" owgan gyzlarynyň mekdebini gaýtadan açyp, birnäçe sagat soň ýapdy

Azathabar.com 

"Talyban" 23-nji martda, Owganystandaky gyzlar mekdebi gaýtadan açylandan birnäçe sagat soň, yslam kanunlaryna laýyk gelýän meýilnama taýýarlanýança diýip, olaryň ýene ýapylmagyny buýurdy. Owganystanyň Bilim ministrligi geçen hepde, uly klas okuwçylary üçin ençeme aý dowam eden çäklendirmelerden soň, ýurtdaky orta mekdepleriň 23-nji martda ähli okuwçy, şol sanda gyzlar üçin gaýtadan açyljakdygyny yglan etdi. Bilim ministrliginiň metbugat sekretary 22-nji martda okuwçylaryň ählisiniň klaslara dolanyp gelmegini gutlap, wideo ýaýratdy. Читать дальше...

Ukraina basybalyjylara berk gaýtawul berýär, Kreml ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol portunda we Kiýewiň töwereginde barýan gazaply söweşler arasynda Kreml, metbugat wekiliniň beýanatynda aýdylan "howpa” salgylanyp, ýadro ýaragynyň ulanylmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmady. Bu beýanat Pentagonyň berk tankydyna sezewar boldy. Dimitriý Peskow ýadro ýaraglary barada gürrüň edende, häzirki milli howpsuzlyk konsepsiýasyna salgylandy. “Şol ýerde siz ýadro ýaragyny ulanmagyň ähli esaslary barada okap bilersiňiz. Ýurdumyzyň barlygyna howp abanýan bolsa... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Азаренко проиграла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Песков: возможное изъятие активов РФ будет солидным гвоздем в гроб западной экономики

«Не уважаешь — возвращаешся на родину!»: Госдума включила режим высылки для мигрантов и определила перечень нарушений

Обниматель для детей назван самой необычной вакансией с высокой зарплатой

В Россию привезли новые Skoda Octavia Pro по цене от 2,9 млн рублей