Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 20.03.2022

Ukrain prezidenti rus güýçleriniň Mariupol gabawynda uruş jenaýatlaryna baş goşandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Rus goşuny Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol port şäherinde 400 adama gaçybatalga beren sungat mekdebini bombalady diýip, ýerli häkimiýetler aýdýar. Resmiler 20-nji martda Telegram arkaly habar berip, mekdebiň ýumrulandygyny we adamlaryň harabalygyň aşagynda galan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Adam ýitgisi barada dessin maglumat berilmedi. Ukrainanyň prezidenti Mariupolyň gabawynyň “rus goşunlarynyň eden uruş jenaýatlary bilen” taryha girjekdigini aýtdy. “Asuda şähere edilen bu iş – basybalyjylaryň eden işi ... Читать дальше...

Britan premýeri Putin bilen gatnaşyklaryň gaýtadan kadalaşdyrylmagyna garşy duýdurýar

Azathabar.com 

Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson Ukraina garşy esassyz çozuşdan soň, Günbatar ýurtlary rus prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşyklary gaýtadan kadalaşdyrmaga synanyşmaly däl diýdi. Jonson 19-njy martda Konserwatiw partiýanyň maslahatynda eden çykyşynda Russiýanyň öz goňşusyna garşy amala aşyrýan harby hereketini “dünýä üçin öwrüm nokady” atlandyrdy. “Dünýäde ‘biz gowusy zulumkeş bilen oňuşmaly’ diýýän käbir adamlar bar. Olar düýpli ýalňyşýarlar” diýip, britan lideri demirgazyk-günbatar Blekpul şäherinde eden çykyşynda aýtdy. Читать дальше...

Hytaý bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek COVID-19 ölümleri barada habar berdi

Azathabar.com 

Koronawirus keseliniň ilkinji gezek ýüze çykan ýurdy bolan hem-de ýokanjyň täzeden köpelip başlamagy bilen göreşýän Hytaý bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek COVID-19 ölümleri barada habar berdi. Hytaýyň Saglyk komissiýasynyň web sahypasy 19-njy martda demirgazyk-gündogar Jilin sebitinde iki adamyň ölendigini habar berdi. Tutuş 2021-nji ýylyň dowamynda Hytaý diňe iki adamyň COVID-19 bilen aradan çykandygyny habar berdi. Iň soňky ölüm hadysasy geçen ýylyň 25-nji ýanwarynda habar berildi. Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy

Azathabar.com 

19-njy martda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine kasam kabul edip, işe girişen Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň tabşyrylmagy barada karar kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Işden gidýän hökümet agzalary täze hökümet düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi. Giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalary bilen geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiji yglan edilen Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde prezident kasamyny kabul etdi. Читать дальше...

Ukraina Russiýa bilen ilteşikli syýasy partiýalaryň işini togtatdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşi ýurtda harby ýagdaýlar düzgüni dowam edýärkä Russiýa bilen ilteşikli 11 syýasy partiýanyň işini togtatdy. Prezident Wolodymyr Zelenskiý bu karary 20-nji martda eden wideo çykyşynda yglan etdi. Russiýa bilen ilteşikli iň iri partiýa “Durmuş üçin oppozisiýa platformasy” bolup, onuň 450 agzaly ukrain parlamentinde 44 orny bar. Partiýa rus prezidenti Wladimir Putin bilen dostlukly gatnaşygy bolan Wiktor Medwedçuk ýolbaşçylyk edýär. Putin Medwedçugyň gyzynyň çokundyran atasydyr. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






Брата 12-го фигуранта дела о теракте в "Крокусе" арестовывали за хулиганство

Авиакомпанию S7 оштрафовали на 30 тысяч рублей за нарушение прав пассажиров

Врач Тяжельников посоветовал напитки к шашлыку

Православные христиане отмечают Вербное воскресенье