Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 02.03.2022

Saýlawlaryň öňüsyrasynda azyk arzanlaýar, ýöne bankomatlarda nagt ýetmezçiligi saklanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, Aşgabadyň häkimiýetleri azyk gymmatçylygyny we gytçylygyny wagtlaýyn bolsa-da çözmäge çalyşýar. Şu günler paýtagtda azyk harytlarynyň bahalary ýene arzanlady. Muňa garamazdan, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi.

Köpçülikleýin taýýarlyklaryň arasynda S.Berdimuhamedow Mara bardy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow, öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde, 2-nji martda Mary welaýatyna bardy. Onuň bu sapary sebitde köpçülikleýin arassaçylyk we taýýarlyk çäreleriniň indi bir hepde bäri dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Aşgabatda iki adam bir jaýa zor bilen girip, öýdäki pişikleri we iti öldürdi

Azathabar.com 

28-nji fewralda iki adam Aşgabadyň 30-njy etrapçasyndaky bir jaýyň gapysyny döwüp, içeri girdi we jaý eýesiniň bir pişigini, başga-da bir itini öldürdi. Waka şaýat bolan adamlar, şol sanda jaý eýesiniň goňşulary bu adamlaryň häkimligiň işgärleridigini aýdýarlar. Bu waka, häkimiýetleriň ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, itleri we pişikleri ýok etmek çäresini güýçlendiren mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi. 30-njy... Читать дальше...

Kiýewdäki TW diňi uruldy, Zelenski ýene uçuş gadaganlygynyň girizilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

Rus raketalary Ukrainanyň paýtagtyndaky telewizion minarany urdy, bu desga holokost gyrgynçylygynyň pidalarynyň Baby Ýar ýadygärliginiň golaýynda ýerleşýär diýip, ukrain hökümeti 1-nji martda, rus güýçleriniň Harkowyň merkezi meýdançasyny we şäheriň beýleki raýat ýerlerini bombalaýan wagtynda aýtdy. Rus goşunlary Ukrainanyň şäherlerini bombalamagy dowam etdirýärler, esasy nyşana Harkow ýaly görünýär. Emma Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýurduň käbir sebitlerinde ýagdaýyň üýtgändigini we goranyş goşunynyň ilkinji gezek hüjüme geçendigini aýtdy. Читать дальше...

Berdimuhamedow harby özgertmelere, Konstitusiýany 'kämilleşdirmäge', 'entäni goldamaga' çagyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy diýip, TDH 1-nji martda habar berdi. Beýleki meseleler bilen birlikde, döwlet baştutany harby özgertmeleri dowam etdirmegiň hem möhümdigine ünsi çekipdir. «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Goranmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigi bellenildi diýip... Читать дальше...

THG: Türkiýede pulsuz galan türkmen studenti öz janyna kast etdi

Azathabar.com 

23 ýaşly türkmen studenti Ýazdurdy Ýazdurdyýew 27-nji fewralda Stambulyň Maltepe etrabynda öz janyna kast etdi diýip, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy (THG) habar berýär. Türkiýäniň Gaziosmanpaşa uniwersitetinde okaýan Ýazdurdy Türkmenistandan studentlere geçirilýän serişde 50 dollara çenli azaldylanda iş gözlemäge mejbur bolýar we, koronowirus çäklendirmeleri zerarly, onuň okaýan okuw jaýy ýapylýar. Ýazdurdynyň ejesiniň sözlerine görä, onuň ogly 3-nji fewralda Stambulda dereksiz ýitipdir. Читать дальше...

Russiýa ukrain şäherlerini bombalaýar; Rus desantçylary Harkowa gelip düşýär

Azathabar.com 

Rus güýçleri Ukrainanyň ilatly merkezlerini bombalamagy dowam etdirýär, uçardan böken paraşýutçylar Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow şäherine gelip düşýär. Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşunyň 2-nji martda ýedinji gününe girmegi bilen, Ukrainanyň hiç bir şäheri ýan bermedi. Emma hünärmenler Moskwanyň islendik şähere girmezinden öň ol ýeriň binalaryny güýçli top okuna tutup, ýer-ýegsan etmäge çalyşýana meňzeýändigini aýdýarlar. Şu ýagdaý bilen baglylykda, Halkara Jenaýat... Читать дальше...

Baýden Kongrese ýüzlenmesini ABŞ-nyň içerki we daşarky gymmatlyklaryny kesgitlemek üçin ulanýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji mart agşamy ýurtdaky ýagdaý barada Kongrese ýüzlenip eden ilkinji ýyllyk çykyşynda öz awtokratik garşydaşlary babatynda agyr sözleri ulansa, ýurt içinde surnukdyryjy pandemiýa, nyrhlaryň ýokarlanmagy we ýiti syýasy bölünişikler zerarly ejir çekýän halka gulaga ýakymly sözler bilen ýüzlendi. Kongres agzalarynyň gök we sary ukrain baýdajyklaryny galgatmaklary bilen, kän wagt ýitirmän, Baýden Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda möwjeýän konflikt barada söz açyp, ABŞ-nyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA






Россия будет стремиться преодолеть любые санкции ...

Дмитрий Песков: противники будут тестировать Россию на «слабо»

Когда в 2024 году Страстная неделя, церковные и народные традиции на этот период

Младенец в Башкирии выжил после падения из окна десятиэтажки