Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 08.03.2022

Öý talaňçylygy, iti otlamak we muny surata almak. Zalymlyga kim jogapkär?

Azathabar.com 

Türkmenistanda öý haýwanlaryna garşy zorluk we eýelerini yzarlamak tolkuny dowam edýär. Hususy emläklere zor bilen girmek we ol ýerdäki haýwanlary öldürmek bilen baglanyşykly ýagdaýlar derňelmän galýar we idegsiz haýwanlary rehimsiz tutmak dowam edýär. Zalymlyk köpçüligiň öňünde bolup geçýär, häkimiýetler bolýan ýagdaýlar barada düşündiriş bermeýär. Rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek, taýaklamak arkaly itleri, pişikleri ýok etmek Türkmenistanda köp duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Ýurduň häkimiýetleri... Читать дальше...

Türkmenistan: Itiň oda berilmeginiň aýylganç wideosy

Azathabar.com 

6-njy martda Azatlyk Radiosyna haýwana rehimsizlik görkezilen pursadyň wideosy gowuşdy. Wideoda bir adam ynanjaň iti özüne çekýär we ony otlaýar. Haýwanlary goraýjy aktiwistler bu wideony ýagdaýa gatnaşan adamlaryň düşürendigini we ite zulum eden adamyň itleri awlamak işlerine gatnaşýan döwlet edaralary bilen baglanyşykly däldigini aýdýarlar.

TH: Ukrainada türkmenistanly student ýitirim boldy

Azathabar.com 

Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda türkmenistanly bir student dereksiz ýitirim boldy diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri habar berýär. Neşiriň 7-nji martda ýaýradan habaryna görä, talyp Serdar Annaorazow Ukrainanyň Nikolaýew şäherindäki admiral Makarow adyndaky uniwersitetde soňky kursda okaýardy.

Almatyda aýal-gyzlar hökümetden özlerine deň hukuk berilmegini talap etdi

Azathabar.com 

Almaty adamda deň hukuklary talap edýän ýüzlerçe aýal-gyzlar güni ýörişi geçirilýär Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda toplanan 1000-den gowrak aktiwist Halkara aýal-gyzlar gününi aýal-gyzlara deň hukuk berilmegini talap etmek bilen belledi.   8-nji martda Almaty şäheriniň merkezindäki Şokan Walyhanow ýadygärliginiň ýanyna ýygnanan demonstrantlar "Aýallaryň pikirleri alga alynmaly", "Syýasatda has köp aýal bolmaly" we "Feminizm Gazagystany halas eder" diýen ýaly şygarlar ýazylan plakatlary galdyrdylar. Читать дальше...

Öý hojalykçy zenanlar özleriniň ýene ala tutulandygyny we hökümetden göwünleriniň galandygyny aýdýar

Azathabar.com 

8-nji martda dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni bellenilýär. Bu gün mynasybetli 1-6-njy mart aralygynda Türkmenistanda aýal-gyzlara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşuryldy. Ýöne bu ýyl hem öý hojalykçy aýal-gyzlar prezidentiň sowgadyndan mahrum galdylar.

Häkimiýetler saýlawlarda kiçi Berdimuhamedowa ‘ses bermelidigini duýdurýarlar’

Azathabar.com 

Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna soňky taýýarlyklaryň görülýän wagty, adaty ilatyň – netijesi öňünden kesgitlidigi aýdylýan bu – saýlawlara biparh garaýandygy bellenilýär. Saýlawlar bilen bagly şu aýyň başynda möhletinden öň ses berişligiň başlanmagy bilen, häkimiýetler býujetçileri ses bermäge mejbur edýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde baha berýärler.

Ukrain şäherlerinden asuda ilaty ewakuasiýa etmek tagallalary başlandy

Azathabar.com 

Russiýa birnäçe ukrain şäherinden, şol sanda ençeme günläp topa tutulan Kiýewden we port şäheri Mariupoldan ilatyň ewakuasiýa edilmegi üçin 8-nji martda ynsanperwerlik koridorlaryny açjakdygyny aýtdy. Bu habar iki tarapyň arasynda geçirilen gepleşikleriň üçünji tapgyryndan soň peýda boldy, Ukrainanyň ýokary derejeli resmisi howpsuz koridorlary gurmak meselesinde kiçijik ilerlemäniň bolandygyny aýtdy. Koridorlary gurmak iki tarapyň arasyndaky oňuşmazlygyň bir meselesi boldy we ozalky synanyşyklaryň... Читать дальше...

BMG Ukrainadaky uruşdan gaçýanlaryň sanynyň 2 milliondan geçendigini aýdýar

Azathabar.com 

BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy Russiýanyň Ukraina goşun sürmegi sebäpli ýurtdan gaçýanlaryň sanynyň 2 milliona ýetendigini aýtdy. BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi  Russiýa 24-nji fewralda goňşy ýurda goşun süreli bäri Ukrainadan gaçyp gelýän adamlary öz serhedinde kabul edýän ýurtlara, Moldowa, Polşa we Rumyniýa baryp göreninden soň, Osloda guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürledi. Grandi, deňeşdirmek üçin aýdylsa, Bosniýada we Kosowada bolan Balkan urşy wagtynda "belki... Читать дальше...

AI aýal-gyzlaryň hukuk ýagdaýynyň howsalaly derejede peselendigini duýdurýar

Azathabar.com 

“Amnesty International” guramasy soňky bir ýylda aýal-gyzlaryň adam hukuklary ýagdaýynyň pese gaçmagynyň öňüni almak üçin "batyrgaý hereket" etmäge çagyrdy.  Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama 8-nji martda, Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli çap eden beýanatynda köp ýurduň kanuny goragy ýatyryp, aýal-gyzlary we olaryň hukuklaryny goraýanlary "görlüp-eşidilmedik howp-hatalaryň astynda" goýýandygyny aýtdy. "2021-nji ýylda we 2022-nji ýylyň başynda bolup geçen wakalar millionlarça aýal-gyzyň... Читать дальше...

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýene yza süýşýär

Azathabar.com 

Pakistanyň “The News” neşiri Yslamabatda 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygynda Pakistanyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň käbir jikme-jikliklerini aýan etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär. Türkmen wekiliýeti pakistan tarapyna Aziýa ösüş bankynyň, TOPH taslamasynyň utgaşdyryjysynyň gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy talyplaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet BMG we beýleki ykdysady taýdan iri döwletler tarapyndan... Читать дальше...

Russiýa ynsanperwerlik koridorlaryny açandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Russiýa 8-nji martda ukrain şäherlerinden, şol sanda Kiýewden asuda adamlaryň ewakuasiýa edilmegi üçin ynsanperwerlik koridorlaryny açandygyny aýtdy. Emma Ukrainanyň ýolbaşçylary muňa şübheli garaýar. Olar Russiýanyň diňe özüne we ýakyn ýarany Belarusa açylan ewakuasiýa ýollaryny nazara alyp, Moskwanyň bu hili wadalary ozalam berendigini aýdýarlar. Russiýanyň Goranmak ministrligi 8-nji martda, Çernihow, Sumy, Harkow we daşy gabalan Mariupol şäherlerinden, Moskwa wagty bilen sagat 10-dan ewakuasiýa ýollarynyň açylandygyny aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде






Мария Нагорная приняла участие в акции «Доброе дело» в Лыткарине

Заместители главы Химок провели обходы микрорайонов

Четверть века детства: детский сад школы №1368 отметил 25-летие

Нижегородка скончалась на платформе Московского вокзала