Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 04.03.2022

Berdimuhamedow 15 ýylda näme iş bitirdi we ýurdy haýsy halda tabşyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti häkimiýet çalşygyny gytaklaýyn yglan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda “ýaş ýolbaşçylara” ýol bermek isleýändigini aýtdy. Munuň yz ýany, Merkezi saýlaw topary ýurtda saýlaw möwsümini yglan etdi. Irki prezidentlik saýlawlary 12-nji martda geçirilýär.

Maryda COVID-a garşy "buster" sanjymyny etdirmedik býujetçiler tölegsiz zähmet rugsadyna iberilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeklerinde ilata COVID-19-a garşy üçünji, "buster" sanjymlaryny etmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýär. Munuň bilen baglylykda, üçünji sanjymy urdurmadyk býujet işgärleri tölegsiz zähmet rugsadyna iberilýär. "Işleýän adamlardan, hususan-da, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden üçünji sanjymy urdurandygy barada güwänama talap edilýär. Eger býujet işgärleri "buster" sanjymyny etdirmedik bolsa... Читать дальше...

Saýlaw uçastoklarynda kandidatlaryň ýekelikdäki suratlary aýrylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna bir hepde töweregi wagtyň galmagy bilen, kesgitlenen saýlaw uçastoklarynda ses bermek üçin gutular ornaşdyrylýar, şol bir wagtda ýurduň iň ýokary wezipesine dalaş edýän dokuz kandidatyň aýratyn suratly billbordlary aýrylýar. Bu aralykda, häkimiýetler “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara basyşlaryny güýçlendirýärler we olaryň azatlygyny çäklendirmegini dowam etdirýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna... Читать дальше...

Rus güýçleri Ukrainada atom elektrik stansiýasyny ele geçirdi. Kiýewiň golaýynda we günorta şäherlerde uruş möwjeýär

Azathabar.com 

Günorta-gündogar Ukrainada düýn gije rus güýçleri tarapyndan oka tutulan Zaporožýe atom elektrik stansiýasynda dörän ýangyn söndürilenden soňra, Ukrainanyň ýadro agentligi bu desgada hiç hili syzmalaryň tapylmandygyny aýtdy. Ýerli resmiler rus harby kerweni Zaporožýe golaýlanda rus güýçleriniň atom elektrik stansiýasyna ot açandyklaryny aýtdy we sebit häkimiýetleri ruslaryň desgany ele geçirendiklerini tassyklady. Bu waka Birleşen Milletler Guramasyny we halkara atom düzümlerini adatdan daşary ýagdaý halatlaryny kabul etmäge iterdi. Читать дальше...

THG: Ukrainada okaýan 20 türkmen Stambula geldi

Azathabar.com 

3-nji martda, sagat 16: 00 töwereginde Türkiýä Ukrainadaky bosgunlary alyp gaýdan birnäçe awtobus geldi, uruş barýan ýurtdan alnyp çykylan adamlaryň arasynda Ukrainanyň okuw jaýlarynda okaýan 20-ä golaý türkmen studenti hem bar diýip, Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär. Bosgunlary Stambul aeroportuna çenli getirmegi türk hökümeti gurnady, biz bu işe türkmen hökümetiniň gatnaşygyny anyklap bilmedik, sebäbi ýolagçylar mundan habarsyzdy diýip, neşir belleýär. THG-nyň şol wagt Stambul howa menzilinde... Читать дальше...

Kuleba uçuş gadaganlygy zonasyna basyş etjekdigini aýdýar, Blinken goranyşa 'taýynlyk' duýduryşyny berýär

Azathabar.com 

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 4-nji martda NATO agzalary bilen duşuşanda Ukrainanyň üstünden uçuş gadaganlygyny girizmek meselesini gozgajakdygyny aýtdy. Ukraina, rus uruş uçarlarynyň ýoluny baglamak üçin, Günbatar liderlerine uçuş gadaganlygy zonasyny döretmek barada basyş edýär. Emma Waşington we onuň NATO ýaranlary, Russiýa bilen göni gapma-garşylyga getirmeginden howatyr edip, Ukrainanyň ýokarsynda uçuş gadaganlygy zonasyny döretmek baradaky pikiri ret edip gelýärler. Ýöne ukrain liderleri bu jogaby kabul etmeýärler. Читать дальше...

Rus ulanyjylary programma dükanlaryndan, sosial mediadan, habar web sahypalardan kesilýär

Azathabar.com 

“GlobalCheck” web gözegçilik toparynyň we beýleki görkezijileriň maglumatyna görä, Russiýada AÝ/AR-nyň, BBC-niň we “Doýçe Welläniň” wep sahypalary Facebook, Twitter, Apple we Google programma dükanlary bilen bilelikde Russiýada petiklendi. Petiklemeler 3-nji martdan 4-nji marta geçilýän gijede, Russiýanyň Ukraina garşy başlan doly möçberli urşuny bir hepde bäri beýan edýän AÝ/AR-a we beýleki habar serişdelerine abanan ýapylmak howatyrlarynyň yzysüre başlandy. Ýöne “GlobalCheck” käbir saýt sahypalarynyň... Читать дальше...

Uruş möwjeýär, Ukrainanyň ýadro desgasyna edilen hüjümden soň hiç bir syzma tapylmady

Azathabar.com 

Ukrainanyň ýadro gullugy Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynda, halas edijiler ahyrynda ýangyny öçürenden soň, hiç hili syzma tapylmandygyny habar berdi. Bu ýangyn ýurda hüjüm edýän rus güýçler oka tutandan soň, gijäniň dowamynda gözegçilikden çykdy. Ýerli resmiler ýurda çozýan rus goşunlarynyň Zaporižýa ýakyn gelip, bu desgany oka tutandygyny aýtdylar, sebit häkimligi bolsa ruslaryň zawody ele geçirendigini tassyklady. Bu waka BMG-niň we halkara ýadro agentligi... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






В Москве в парке нашли труп мужчины

«К сожалению»: смогут ли клиенты криптобиржи Beribit вернуть свои деньги

Блогер Тамаев попал в аварию в Москве

РИА «Новости»: брата арестованного Курбонова ранее привлекали за хулиганство