Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 15.03.2022

Türkiýäniň, Russiýanyň we MA döwletleriniň ýolbaşçylary Serdar Berdimuhamedowy ýeňşi bilen gutlady  

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ikinji gün Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow bilen telefonda gepleşip, kiçi Berdimuhamedowy Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi. TDH-nyň maglumatyna görä, Wladimir Putin “Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi”. Şeýle-de Putin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine... Читать дальше...

Aýlygy nagtlaşdyryp bilmek üçin ‘iki gün banka gatnamaly’

Azathabar.com 

Türkmenistanda 12-nji martdaky irki prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda ilatyň aýlyklary we kömek pullary ozalky aýlardan tapawutlylykda wagtynda bank hasaplaryna geçirilen bolsa-da, ýurtdaky dowam edýän maliýe krizisiniň arasynda raýatlar zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklary başdan geçirýärler.

Ene-atalar çagalaryny sünnet etdirmek üçin 5 müň manada çenli "para bermeli bolýar"

Azathabar.com 

Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda erkek çagalary sünnet etdirmek möwsümi başlady. Dini däp-dessurlar esasynda amal edilýän bu hirurgik çärä-de para giňden ornaşdyryldy diýip, lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi habarçymyza beren maglumatynda aýtdy. "Keselhanalaryň hirurgiýa bölümlerinde nobatlar emele gelip başlady. Lukmanlar bir çaganyň sünnet kesimi üçin 1000 manatdan 5000 manada çenli para soraýarlar. Bu hirurgik amalyň döwlet bahasy 50 manada barabar" diýip, efirde... Читать дальше...

Rus hüjümleri güýçlenýär, taraplar gepleşik geçirýär

Azathabar.com 

Rus harbylarynyň 14-nji martda Ukraina garşy edýän ganly hüjümlerini dowam etdirýän wagtynda iki tarap Moskwanyň başlan esassyz çozuşyny togtamak baradaky gepleşikleriň dördünji tapgyryny geçirip, hiç bir ilerleme gazanyp bilmedi, ýöne gepleşigi 15-nji martda dowam etdirmek ylalaşygyna geldi.  Öň ýüzbe-ýüz geçirilen üç duşuşykdan soň wideo arkaly geçirilen gepleşik Russiýanyň Ukrainanyň dürli ýerlerindäki hüjümlerini has güýçlendiren wagtyna gabat geldi. Şu aralykda Ýewropa Bileleşigine agza... Читать дальше...

"Ýene iýmit ýok." Saýlaw geçen badyna Türkmenistanda azyk önümleriniň ýetmezçiligi möwjedi

Azathabar.com 

Prezident saýlawlary geçen badyna dessine türkmen alyjylary bahalaryň ýene ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Saýlawlardan öň peýda bolan towuk budlary we çörek satuwdan ýitdi, bankomatlaryň öňünde ullakan nobatlar döredi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky we ýurduň gündogarynda Lebap welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler. Türkmenistanda ýene-de çörek we un ýetmezçiligi ýüze çykdy. Lebapda un gymmatlaýan we gytalýan wagtynda 15-nji martda Aşgabadyň köp sanly dükanlarynda çörek satylmady. Читать дальше...

Giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň fonunda Saýlaw topary Serdar Berdimuhamedowy ýeňiji yglan etdi

Azathabar.com 

Giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 12-nji mart irki prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň 72,97 göterim ses alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda prezidentlige kasam kabul edip, wezipä girişer. Merkezi saýlaw toparyna (MST) görä, saýlawçylaryň 11,09 %-i Aşgabat şäheriniň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Hydyr Nunnaýewa... Читать дальше...



Ukrain pianinoçysy öýüniň harabalyklarynda Şopeniň eserini “soňky gezek” ýerine ýetirdi

Azathabar.com 

Ukrain pianinoçysy rus oklary zerarly ýiti zeper ýeten öýüniň harabalyklarynyň arasynda, Şopeniň eserini “soňky gezek” ýerine ýetirdi. Iryna Manýukina, 5-nji martda gyzy tarapyndan ýazga alnan wideoýazgyda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden 80 km uzaklykda ýerleşýän Bila Tserkwadaky öýünde pianino çalýar. Onuň öýüniň birnäçe metr uzaklygynda rus topy partlady, ýöne maşgaladan hiç kim ýaralanmady. Şondan soň maşgala zeper ýeten öýi terk etdi.

Moskwa-Aşgabat aralygynda göni uçar gatnawy dikeldilýär

Azathabar.com 

Moskwa-Aşgabat şäherleriniň aralygyndaky göni uçar gatnawlary 27-nji martdan başlap yzygiderli ýola goýlar diýip, hökümetçi “Orient” neşiri Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary bileleşigine salgylanyp habar berýär. Türkmenistan bilen bilelikde, Moskwa bilen arada uçar gatnawy dikeldilýän ýurtlaryň sanawyna jemi 15 ýurt - Türkiýe, BAE, Bahreýn, Katar, Marokko, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan we Şri-Lanka girizilipdir. Türkmen mediasy beýleki... Читать дальше...

Rus habar programmasynda urşa garşy protest bildiren zenan tussag edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň döwlet telewideniýesinde göni ýaýlymda berilýän habary bölen protestçä, Russiýanyň Ukraina çozmagyna garşy görkezen ylalaşmazlyk hereketi üçin, ýokary baha berildi. Protestçi 14-nji martda, “Wremýanyň” alyp baryjysy studiýada hökümetiň Günbatar sanksiýalarynyň täsirini azaltmak meýilnamalary barada gürrüň berýän wagtynda, onuň arkasynda birden peýda boldy. Protestçi zenan “Uruş gerek däl. Urşy togtat. Propaganda ynanma. Olar seni aldaýarlar” diýlip ýazylan plakaty galdyrdy. Şeýle-de ol "Urşy duruz. Читать дальше...

Iki tarap täze gepleşige taýýarlanýar, rus güýçleri Kiýewiň eteklerini we beýleki ukrain şäherlerini nyşana alýar

Azathabar.com 

Ukrain we rus gepleşikçileriniň atyşygy togtatmak üçin ýene bir duşuşyk geçirmäge taýýarlanýan wagtynda, rus güýçleri öten agşam Kiýewiň eteklerine edýän hüjümlerini  we ýurduň günortasyndaky möhüm porty şäherini, Mariupoly ele geçirmek tagallalaryny güýçlendirdiler. Kiýewiň ýaşaýyş etraplaryna urlan tapgyrlaýyn zarbalar köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ullakan ýangynyň döremegine sebäp boldy. Azyndan iki adam öldürildi we 27 adam halas edildi diýip, Ukrainanyň gyssagly kömek gullugy Facebookda habar berdi. Читать дальше...

Çeh, polýak, slowak premýer-ministrleri 15-nji martda Kiýewde Zelenski bilen duşuşar

Azathabar.com 

Çehiýanyň, Polşanyň we Sloweniýanyň premýer-ministrleri, Russiýanyň bu ýurda garşy başlan hüjümini dowam etdirýän wagtynda, Ukraina ikuçsyz goldawlaryny görkezip, 15-nji martda Kiýewe barýarlar. Çehiýanyň premýer-ministri Petr Fiala twitterde üç lideriň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we premýer-ministr Denis Şmyhal bilen duşuşjakdygyny aýtdy. "Saparyň maksady Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina we onuň azatlygyna hem-de garaşsyzlygyna şübhesiz goldaw berýändigini aýan etmekden ybarat" diýip, Fiala aýtdy. Читать дальше...

MST: Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan prezidenti diýlip ykrar edildi

Azathabar.com 

Türkmenistan prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi, onda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiçiň 72,97 % ses alyp, ýeňiş gazanandygy aýdylýar. Resmi maglumata görä, 12-nji martda geçirilen irki ses berişlige saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly, ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berdi, ýagny 97,17% gatnaşyk boldy. Saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşip, Türkmenistanda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






The Telegraph сообщила о планах Британии создать собственные ракеты к 2030 году

В РФ наладят производство биосовместимых зубных имплантатов

Жизнь по средствам: почему пора перестать на всем экономить

Москва выпускает продукцию для активного отдыха в праздники