Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 07.03.2022

Rus güýçleri ilata çörek getirýän häkimi we onuň iki ýoldaşyny atyp öldürdi

Azathabar.com 

Ýerli resmiler Ukrainanyň Hostomel şäheriniň häkiminiň we onuň iki ýoldaşynyň Moskwanyň sebäpsiz başlan urşunda gabalan şäher ilatyna çörek getirýän wagtynda rus güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigini aýdýarlar. Paýtagt Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Hostomel şäheriň şäher geňeşi Facebookda ýerleşdiren habarynda  ýazgysynda Ýuriý Prylypkonyň, onuň ýoldaşlary Iwan Zorýanyň we Ruslan Karpenko şäherden çykyp bilmän galanlara kömek etmekçi bolanlarynda atylyp öldürilendigini aýtdy. ... Читать дальше...

Türkmenistan Moskwadan raýatlaryny getirer

Azathabar.com 

Türkmenistan ýakyn günlerde koronawirus çäklendirmeleri sebäpli daşarda galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny ýurda getirmek üçin, Moskwadan ýörite uçuşy amala aşyrar. Bu aralykda, ýurtda COVID-a garşy waksinalaryň gutarandygy baradaky maglumatlaryň fonunda, geçen aý giň gerimde başladylan üçünji, ýagny buster sanjymlaryny urmak kampaniýasynyň hem gerimi haýallady. Şeýle-de, ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri, käbir COVID çäklendirmelerini gowşadyp başladylar.

Ukrainadan goňşy ýurtlara aşmagy başaran türkmenler başdan geçirenlerini gürrüň berýär

Azathabar.com 

Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda ýaragly çaknyşykdan özbaşdak guramaçylyk bilen goňşy ýurtlara gaçmagy başaran türkmenistanlylar başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berýärler. Bosgunlar topar-topar bolup, jan howluna ýurdy terk edýän mahaly, amerikan neşiri rus goşunlaryna garşy meýletin söweşmek üçin Ukraina barýan adamlar, şol sanda bir türkmenistanly barada habar berýär. Bu aralykda, rumyn neşiri çaknyşykdan alan ok ýarasy bilen Ukrainadan Rumyniýa aşmagy başaran bir türkmenistanly barada habar berýär.

Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy

Azathabar.com 

4-nji martda turan şemalynyň netijesinde Aşgabadyň 40 km demirgazygynda ýerleşýän Gökdepe şäherinde bir adam öldi. Bu, 40 ýaşly ýaşaýjynyň şemaldan sarsan üçegini berkitmäge synanyşan wagtynda bolup geçdi. Geçen anna güni Aşgabatda we Ahal welaýatynda dörän tupan binalara we awtoulaglara zeper ýetirdi.

Balkan saýlawlardan soň täze prezidente garaşýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna giň gerimli taýýarlyk görýär. Munuň bilen bagly geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak adamlar häzirden karantine alyndy. Hassahananyň çäginde giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu başagaýlyklaryň ählisi prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň saýlawlardan soň, "prezident hökmünde sebite amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna" görülýän taýýarlyklaryň diňe bir bölegidir.

Stambulda neşe söwdasy bilen ilteşikli Türkmenistanyň bäş raýaty tussag edildi

Azathabar.com 

Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen reýdlerde neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň bäş raýaty tussag edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri 7-nji martda habar ýaýratdylar. "Haberler.com" neşiriniň maglumatlaryna görä, Kagithane etrap polisiýa müdirliginiň işgärleri neşe maddalarynyň söwdasyny edýänlere garşy Hamidiýe sebitinde kesgitlenen iki adrese reýd gurnady. Reýdleriň netijesinde 250 gram geroin, rugsatnamasyz saklanýan ýarag, neşe söwdasynda gazanylandygy güman edilýän 9 müň 355 türk lirasy... Читать дальше...

Türkmenistanda onlarça enä “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy martda sekiz we sekizden köp çagany dünýä inderen eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak baradaky karara gol çekdi. “Eziz perzentlerine watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleri ündeýän ...mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr” diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär. Resmi maglumatlara görä, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda... Читать дальше...

Moskwa Ukrainadan Russiýa we Belarusa çykmaga ýol berýär; Kiýew muny 'ahlaksyzlyk' atlandyrýar

Azathabar.com 

Rus goşuny, Mariupoldan parahat ilaty ewakuasiýa etmek synanyşygynyň şowsuz gutaran gününiň ertesi, Ukrainanyň paýtagty Kiýewden, şeýle-de Mariupol, Harkow we Sumy şäherlerinden raýatlaryň ewakuasiýa edilmegine ýol berilmegi üçin, ýerli wagt bilen ir sagat 9-da atyşygyň togtadylmagyny buýranyndan soň, Ukraina Moskwany bosgunlary diňe Russiýa we Belarusa göçmäge mejbur etmek bilen, halkara jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atmaga synanyşmakda aýyplady. “Nowosti” habar gullugynyň Russiýanyň Goranmak... Читать дальше...

ABŞ, ýewropaly hyzmatdaşlar Russiýanyň nebit importyna gadaganlyk girizmegi maslahatlaşýar

Azathabar.com 

ABŞ we onuň ýewropaly hyzmatdaşlary Russiýadan nebit importyny gadagan etmegi maslahatlaşýarlar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 6-njy martda aýtdy. "Waşington, ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen, Russiýanyň nebitiniň biziň ýurtlarymyza import edilmegini gadagan etmek barada, elbetde, şol bir wagtyň özünde kadaly global nebit üpjünçiligini saklamak bilen, örän işjeň gepleşik geçirýär” diýip, ol aýtdy. Blinken ABŞ-nyň NBC teleýaýlymyna beren interwýusynda täze çäreleriň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumat bermedi... Читать дальше...

Russiýanyň çar künjeginde urşa garşy protestlerde müňlerçe adam tussag edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň onlarça şäherinde Wladimir Putiniň Ukraina garşy sebäpsiz ýerden başlan urşuna garşy bildirilen protestler wagtynda, Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň we garaşsyz protest gözegçisiniň 6-njy martda aýtmaklaryna görä, müňlerçe adam tussag edildi. OVD-Info gözegçi topary ýurduň 69 şäherinde geçirilen protestlerde 4,842 adam tussag edildi diýip, 7-nji martda aýtdy. Şeýle-de, OVD-Info Moskwada tussag edilenleriň azyndan 2319 adamdygyny aýtdy. Mundan başga, gözegçi topar hakykatda... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidentligine hasaba alynmadyk dalaşgärler ukrain liderine goldaw bildirýär

Azathabar.com 

Daşary ýurtlardan Türkmenistanda geçirilýän irki prezident saýlawlaryna alternatiw kandidat bolmaga synanyşan we Aşgabatda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan hasaba alynmadyk türkmen syýasatçylary Ukrainanyň prezidentine hat ýazyp, özleriniň oňa we ukrain halkyna tüýs ýürekden goldaw bildirýändiklerini aýtdylar. Olar “ýykgynçylykly we aklap bolmajak” urşy ýazgaryp, Türkmenistanyň prezidentiniň rus prezidenti Wladimir Putiniň kömegi bilen häkimiýetde saklanýandygyny we Kremliň goldawy bilen ogluny prezident etjek bolýandygyny öňe sürýärler. Читать дальше...

Russiýa käbir sebitlerde atyşygyň bes edilmegini buýurýar, ýöne topa tutmak dowam edýär

Azathabar.com 

Rus goşuny, Mariupoldan parahat ilaty ewakuasiýa etmek synanyşygynyň şowsuz gutaran gününiň ertesi, Ukrainanyň paýtagty Kiýewden, şeýle-de Mariupol, Harkow we Sumy şäherlerinden raýatlaryň ewakuasiýa edilmegine ýol berilmegi üçin atyşygyň togtadylmagyny buýurdy. Emma “Nowosti” habar gullugynyň Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp çap eden ewakuasiýa ýollary adamlara diňe Russiýa we Belarusa gitmäge rugsat beriljekdigini görkezýär. Ukraina bu çäräni "ahlaksyzlyk" diýip atlandyrdy, prezident... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Врывайся в Trail вместе с ENERGY!

В Мытищах высадили 1 тыс саженцев

В Коломне утвержден предмет охраны объекта культурного наследия

«Блестящие профессионалы»: Московский зоопарк поздравил ветеринаров с прадником