Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 27.03.2022

Russiýa Azerbaýjany Daglyk-Garabagda ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny bozmakda aýyplaýar

Azathabar.com 

Russiýanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň Daglyk-Garabagda rus parahatçylygy goraýjylarynyň gözegçilik edýän sebitlerine girendiklerini aýtdy. Ministrlik munuň 2020-nji ýylda alty günlük uruşdan soň, Moskwanyň araçylyk etmeginde gelnen, ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny bozýandygyny belledi. Ministrlik Azerbaýjany Türkiýede öndürilen dronlar bilen Daglyk-Garabaga hüjüm etmekde aýyplady. Russiýanyň Daşary işler ministrligi sebitde dartgynlylygyň artmagyna “ýokary alada” bildirdi. Читать дальше...

Truss: Russiýa garşy girizilen käbir sanksiýalar ‘ok atyşyklaryň doly bes edilmeginden we goşunyň çykarylmagyndan soň’ ýatyrylyp bilner

Azathabar.com 

Britaniýanyň daşary işler sekretary Liz Truss Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagyna jogap edip rus elitasyna we biznesine girizilen gadagançylyklaryň, eger-de rus prezidenti hüjümi bes edip, “mundan beýläk agressiýanyň bolmajakdygyna” kepil geçse, ýatyrylyp bilinjekdigi aýtdy. Truss bu barada Sunday Telegraph neşirine beren interwýusynda aýtdy. Ol mümkin parahatçylyk gepleşiklerine hemaýat berer ýaly “gepleşikler toparynyň” esaslandyrylandygyny hem belledi. Truss bu sanksiýalaryň diňe ok atyşyklaryň... Читать дальше...

Kabulda onlarça adam “Talybanyň” gyzlaryň bilimine girizen gadagançylygyna garşy ýöriş geçirdi

Azathabar.com 

26-njy martda Kabulda onlarça mugallym, talyp we aýallaryň hak-hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýaş gyz okuwçylaryň 6-njy synpdan soň mekdebe gatnamagyna girizilen gadagançylyga garşy ýöriş geçirdiler. Ýerli mediada görkezilen şekillerde mekdep lybaslaryna geýnen onlarça mugallymyň gyz okuwçylar bilen birlikde okuw kitaplaryny hem göterip, “mekdepleri açyň” diýen şygarlary gygyrandygyny görse bolýar. Çäräniň dowamynda olar özleriniň bilim almak we okamak haklaryny talap etdiler. Gurnaýjylar ýörişiň... Читать дальше...

Baýden Ukrainadaky urşuň demokratiýalar üçin synagdygyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukrainadaky uruş bilen bagly eden çykyşynda bu konfliktiň tutuş dünýädäki demokratiýalar üçin bir synagdygyny aýtdy, şeýle-de Ukrainanyň rus güýçlerine garşy söweşini “azatlyk ugrundaky beýik göreşiň” bir bölegi atlandyrdy. Şeýle-de, Baýden 26-njy martda Warşawanyň Şa köşgünde eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky gazaply söweşini hiç zat bilen aklap bolmajakdygyny belledi. Ol rus prezidenti Wladimir Putin barada hem durup geçip, “Taňrynyň hakyna, bu adam häkimiýetde galyp bilmeýär” diýip, aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Кадыров готовится к бегству из Чечни - СМИ

Жители Москвы примут участие в краеведческом диктанте «Московский код»

Сергей Чемезов поздравляет Союз машиностроителей России с 17-летием

Матвиенко: Парламентская ассамблея Совета Европы — пустая и никчемная структура