Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 03.03.2022

Azatlygyň maglumatyndan soň, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy türkmen studentlerine ýardam berip başlady

Azathabar.com 

Russiýanyň Ukraina hüjümi tapgyr sekizinji gün dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň urşuň arasynda galan türkmen raýatlarynyň krizisden özbaşdak çykalga gözleýändigi baradaky maglumatyndan soň, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen studentlerine ýardam berip başlandygy habar berilýär. Şol bir wagtda, urşuň arasynda galan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandaky hossarlary häkimiýetleriň özleriniň kömek sorap edýän ýüzlenmelerine hiç hili jogap bermeýändigini aýdýarlar.

Çeşmeler: Serdar Berdimuhamedow eýýäm täze daşary işler ministrini gözleýär

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow eýýämden täze hökümeti düzýär. Ýakynda geçiriljek irki saýlawlarda aýdyň "faworit" we ýeňşi praktiki taýdan öňünden kesgitlenen, häzirki prezidentiň ogly geljekki hökümetdäki möhüm wezipelere dalaşgärleri baryp geçen ýylyň güýzünde gözläp başlady. Çeşmelerimiziň maglumatlaryna görä, kiçi Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetinde esasanam häzirki daşary işler ministri Raşid Meredow eýeleýän wezipesini ýitirer. Bu wezipäni Serdaryň halypasy hasaplaýan Esen Aýdogdyýewiň aljakdygy çak edilýär. Читать дальше...

Saýlawlara taýýarlyk polisiýanyň “arassalaýyş” kampaniýasy bilen dowam etdirilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde resmiler öýme-öý aýlanyp çakylyk hatlaryny paýlaýarlar, Aşgabatda bolsa polisiýa ykdysady krizis sebäpli eklenç gözleginde zir-zibil gutularyny dörmäge mejbur bolan raýatlary köçelerden ýygnaýar. Şeýle-de, häkimiýetler “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara basyşlaryny dowam etdirýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet... Читать дальше...

Ukrainada ýol heläkçiliginde 24 ýaşly türkmenistanly öldi

Azathabar.com 

Ukrainanyň Çerniweskoý oblastynyň Taraşani obasynda, Russiýanyň bu ýurda çozmagynyň arasynda, goňşy ýurt bilen serhet araçägine tarap barýan ulagyň ýol heläkçilige uçramagy netijesinde Türkmenistanyň bir raýaty heläk boldy. Ukrain habar serişdeleriniň maglumatyna görä, 2-nji martda ýerli wagt bilen sagat 20:30 Toyota Camry kysymly ulagyň kiýewli sürüjisi Skoda Octavia ulagy bilen çaknyşypdyr. Hadysada Skoda Octavia ulagynyň 39 ýaşly sürüjisi we onuň ýanyndaky 24 ýaşly türkmenistanly ýolagçy heläk boldy. Читать дальше...

Urşuň ýedinji gününe girmegi bilen, asuda ilatyň barha köp ejir çekmeginden howatyr edilýär

Azathabar.com 

BMG-niň adam hukuklary edarasy 3-nji martda, çozuş başlanaly bäri geçen bir hepde wagt içinde asuda ilatdan 136 adamyň, şol sanda 13 çaganyň ölümini hasaba alandygyny aýtdy. Ukrainanyň milli gyssagly kömek gullugy 2000-den gowrak parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi, ýöne bu sanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin bolmady. Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iwes Le Drian “Fransiýa 2” telekanalyna beren interwiýusynda Ukrainada “entek has erbet zatlaryň bolup biljekdigini” duýdurdy. Читать дальше...

Roman Abramowiç “Çelsi” futbol klubyny satyp, Ukrainadaky uruş pidalaryna kömek eder

Azathabar.com 

Klubyň web sahypasynda berlen resmi habara görä, rus telekeçisi we milliarder Roman Abramowiç iňlis futbol kluby “Çelsini” satar.  Abaramowiçiň sözlerine görä, ol bu söwda netijesinden gazanan pullaryny Ukrainadaky uruşda ejir çekenlere kömek etmek üçin, haýyr-sahawat gaznasyna geçirer. “Men elmydama klubyň bähbitlerini yzarlaýan karar kabul edýärin. Şonuň üçin, häzirki emele gelen ýagdaý bilen baglylykda,  kluby satmak kararyna geldim, sebäbi bu futbol toparynyň bähbidine laýyk gelýär diýip hasaplaýaryn" diýip... Читать дальше...

Nemes häkimiýetleri Alişer Usmanowyň 156 metrlik ýahtasyny tussag etdi

Azathabar.com 

Nemes häkimiýetleri Gamburgda, ÝB sanksiýalarynyň çäginde, rus milliarderi Alişer Usmanowyň 156 metrlik ýahtasyny tussag etdi diýip, “Forbes” ýahta biznesindäki üç çeşmä salgylanyp habar berilýär. Bahasy 600 million dollar diýlip çaklanylýan "Dilbar" ýahtasy geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gamburgda, "Blohm+Voss” gämi abatlaýyş kärhanasynda bejerilýär. “Forbes” çeşmesiniň habar bermegine görä, gäminiň tussag edilendigi sebäpli, ýahtany abatlamaga gatnaşan işçiler üçünji gün işe çykmady. Usmanowyň... Читать дальше...

BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň Ukraina çozmagyny ýazgardy, Türkmenistan ses bermedi

Azathabar.com 

BMG-niň Baş Assambleýasy üçünji gün, Orsýetiň Ukraina goşun sürmegini ýazgarmak üçin ses berip, Moskwanyň söweşi bes etmegini we harby güýçlerini yza çekmegini talap etdi. Bu çäre Russiýany dünýä derejesinde diplomatiýa esasynda izolirlemegi maksat edinýär. Baş Assembleýanyň Russiýany ýazgarmak üçin çagyrylan mejlisine Türkmenistan gatnaşmady; Belarus, Siriýa, Demirgazyk Koreýa, Russiýa we Eritreýa Russiýanyň ýazgarylmagyna garşy ses beren ýeke-täk ýurtlar boldy. Agza ýurtlaryň otuz bäşisi, şol... Читать дальше...

Rus hüjümleri ikinji hepdesine girýär, şäherlere edilýän bomba hüjümleri güýçlenýär

Azathabar.com 

Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunyň ikinji hepdesine girmegi bilen, BMG agzalarynyň Moskwanyň hereketlerini "gynançly" diýip ýazgarmagynyň we Russiýanyň yza çekilmegini talap etmeginiň yzysüre, öten gaşam ukrain paýtagtyna we beýleki şäherlere edilýän bomba hüjümleriniň has ýygjamlaşandygy, garaňky asmany uly partlamalaryň ýagtyldýandygy habar berildi. Rus harbylarynyň Ukrainanyň esasy şäherlerine edýän hüjümlerini güýçlendirýändigini görkezýän alamatlar bar we şu aralykda rus goşunlarynyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






В Большом театре наградили победителей специальной премии «Золотой Маски»

Байден: США делают все возможное для возвращения Гершковича и Уилана

The Telegraph сообщила о планах Британии создать собственные ракеты к 2030 году

Силовики задержали вместе с 12-м фигурантом дела «Крокуса» Курбоновым его брата