Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 17.03.2022

Maryda "omikron" bilen keselleýän adamlar köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ilatyň arasynda grip-dümew alamatlary bilen keselleýänler raýatlar, hususan-da çagalar köpelýär. Lukmanlar bu raýatlaryň köpüsine koronawirusyň "omikron" görnüşi bilen keselländigi barada diagnoz goýulýandygyny, ýöne adat bolşy ýaly bularyň resminamalarda görkezilmeýändigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar. "Mary welaýatynda köp adam grip-dümew alamatlary bilen keselleýär. Olaryň aglabasy çagalar bolup... Читать дальше...

Inagurasiýanyň öň ýany awtoritar liderler türkmen saýlawlarynyň ýeňijisini gutlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda köpçülikleýin saýlaw bidüzgünçilikleri bilen geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlarynyň yz ýany, Merkezi saýlaw topary (MST) işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy ýeňiji yglan edensoň, Berdimuhamedowlar sebit ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň gutlaglaryny kabul edýärler. Şu wagta çenli gutlag sözlerini aýdan daşary ýurt döwlet baştutanlarynyň arasynda Wladimir Putin, Si Szinpin, Rejep Taýýip Erodgan, Aleksandr Lukaşenko, Emomali Rahmon, Ebrahim Raisi we beýlekiler bar.

"Ýene iýmit ýok." Saýlaw geçen badyna Türkmenistanda azyk önümleriniň ýetmezçiligi möwjedi

Azathabar.com 

Prezident saýlawlary geçen badyna dessine türkmen alyjylary bahalaryň ýene ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Saýlawlardan öň peýda bolan towuk budlary we çörek satuwdan ýitdi, bankomatlaryň öňünde ullakan nobatlar döredi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky we ýurduň gündogarynda Lebap welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

Kiýewdäki gaçybatalgada çaga dogurmaga kömek edýän akuşer bilen tanşyň

Azathabar.com 

Akuşer-ginekolog Kyrylo Wentskiwskiý 24-nji fewralda Russiýa Ukraina çozanda gijeki nobatda işleýärdi. Ol uruş döwründäki Ukrainada doglan ilkinji bäbegiň dünýä inmegine kömek etdi. Şondan bäri ol diňe bir gezek öýüne gaýtdy. Onuň işleýän bäbekhanasynyň işi bombadan goranmak üçin niýetlenen gaçybatalganyň ýönekeý şertlerine geçirildi. Ol “Current Time” neşiri bilen söhbetdeş bolup, şol birinji gijeden bäri edýän işleri barada gürrüň berdi.

"Migrant Media" - migrantlara niýetlenen proýekt

Azathabar.com 

Gadyrly okyjylar! Merkezi Aziýa habarlar gullugy (Azat Ýewropa / Azatlyk Radiosy (RFE/RL) korporasiýasynyň taslamasy) siziň dykgatyňyza täze başladylan “Migrant Media” rubrikasyny hödürleýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda migrasiýa we onuň bilen bagly ýagdaýlar iň möhüm meseleleriň hatarynda bolmagynda galýar. "Migrant Media" taslamasy migrantlaryň ýerleşýän ýurtlaryndaky hukuklary, borçlary we ýaşamak düzgünleri baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Habarly bolmak, goragly bolmagy aňladýar! Читать дальше...



Aşgabatda üç gün bäri ýagýan ýagyş köçelerde ýagyn suwlarynyň üýşmegine getirdi. “Meteožurnal” suw joşmalarynyň ähtimallygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde indi tapgyr üçünji gün (17-nji mart) ýagynly howa şertleri dowam edýär. Şäherde irdenden agşama çenli ýagyş ýagýar. Munuň bilen baglylykda, şäheriň ençeme köçesini ýagyn suwlary basdy. Jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleri köçeleri ýagyn suwlaryndan arassalamaga çalyşsa-da, olaryň bu tagallalary o diýen oňyn netije bermeýär. Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny... Читать дальше...

Russiýa asuda ilaty nyşana alýar, Baýden Putini 'uruş jenaýatçysy' atlandyrýar

Azathabar.com 

Russiýa Mariupolda ýüzlerçe raýatyň pena edinen teatryny ýumurdy diýip, ukrain häkimiýetleri 16-njy martda aýtdy we gabaw astyndaky strategiki şäherden şindem ýüzlerçe müň adamyň çykyp bilmän galýandygyny habar berdi. Teatryň içinde 1200-e golaý adamyň bolan bolmagy mümkin diýip, port şäheriniň häkiminiň orunbasary Serhiý Orlow aýtdy. “Maksar” hemra şekilleri firmasy 14-nji martda düşürilen suratlaryň binanyň öňünde we arkasynda rus dilinde “çagalar” diýen sözüň uly ak harplar bilen ýazylandygyny görkezýändigini aýtdy. Читать дальше...

ÝUNISEF Türkmenistana 413 müň dollarlyk deksametazon serişdesini getirdi

Azathabar.com 

ÝUNISEF, BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň Saglyk ministrligine 413 müň dollarlyk deksametazon serişdesini gowşurdy diýip, türkmen mediasy habar berýär. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Narteanyň türkmen mediasyna aýtmagyna görä, “ÝUNISEF bütindünýä pandemiýasynyň iň başyndan bäri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw berip gelýär”. Ol “deksametazonyň – degişli barlaglardan geçen we dem alyş ýollaryndan ejir çekýän hassalaryň saglygy babatynda... Читать дальше...

Kamilow: Özbegistan Lugansk we Donetsk Halk respublikalaryny ykrar etmedi

Azathabar.com 

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow 17-nji martda parlamentiň ýokarky palatasynyň mejlisinde Ukrainadaky ýagdaý baradaky soraga jogap berdi. “Biz bu ýagdaýa parahatçylykly çözgüt tapmagyň we konflikti syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň tarapdary. Emma munuň üçin ilkinji nobatda harby hereketleri we zorlugy togtatmak zerur" diýip, Abdulaziz Kamilow aýtdy. Ol Özbegistanyň Russiýa we Ukraina bilen öňden bäri töwerekleýin gatnaşyk saklaýandygyny hem-de öz milli bähbitlerinden ugur alyp... Читать дальше...

BMG-niň Halkara kazyýeti Russiýanyň Ukrainadaky urşuny derrew togtatmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Halkara Kazyýeti Russiýanyň Ukrainadaky urşy derrew togtatmalydygy barada karar çykardy. Şeýle-de kazyýet Russiýanyň we Kiýewiň konflikti ýitileşdirip biljek çärelerden saklanmagyny talap etdi. “Ukraina BMG-niň halkara kazyýetinde Russiýa garşy geçirilen kazyýet işi boýunça doly ýeňiş gazandy. Kazyýet Russiýany Ukraina edýän hüjümini derrew duruzmaga borçly etdi. Halkara kanunçylygyna laýyklykda, Russiýa kazyýetiň kararyny hökmany suratda ýerine ýetirmeli. Bu karary äsgermezlik etmek Russiýa Federasiýasynyň... Читать дальше...

ABŞ-nyň aňtaw gullugy: Ukrainadaky uruşda Russiýa 7000 rus esger ýitirdi

Azathabar.com 

Ukraina garşy harby hüjüme başlaly bäri geçen wagt içinde Orsýetiň ýedi müňden gowrak rus harby gullukçysy wepat boldy. Bu Yrakda we Owganystanda bolan söweşlerde 20 ýylyň dowamynda ölen amerikan esgerleriniň umumy sanyndan has köp diýip, “Nýu-Ýork Taýms” gazeti ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Gazetiň habaryna görä, uruşda şu wagta çenli 14,000 bilen 21,000 aralygynda rus esgeri ýaralanypdyr. Ukrainanyň çäginde ýaýbaňlandyrylan urşa jemi 150,000-e çenli rus harbysy gatnaşýar diýip... Читать дальше...

BMG-niň başlygy Berdimuhamedowlar bilen telefonda gürleşdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefonda gürleşip, Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji martda geçirilen irki saýlawlarda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Türkmen DIM-niň websaýtynda 16-njy martda çap eden habarda aýdylmagyna görä, ol Guterrişe “öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini” aýtdy. Şeýle-de habarda BMG-niň... Читать дальше...

Russiýa raýat nyşanalaryna ‘aýylganç’ zarba urýar; Baýden Putini 'uruş jenaýatçysy' atlandyrdy

Azathabar.com 

Russiýa Mariupolda ýüzlerçe raýatyň gaçybatalga edinen teatryny ýumurdy, ukrain häkimiýetleri 16-njy martda gabalan strategiki port şäherinde ýüzlerçe müň adamyň gabawa düşendigini aýtdy. Teatryň içinde 1200-e golaý adamyň bolan bolmagy mümkin diýip, şäher häkiminiň orunbasary Serhiý Orlow aýtdy. “Maxar” hemra şekilleri firmasy 14-nji martdaky suratlaryň binanyň öňünde we aňyrsynda rus dilinde “çagalar” sözüniň uly ak harplar bilen ýazylandygyny görkezýändigini aýtdy. Edil häzir ölenleriň sany belli däl diýip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Вадиму Стукалову запретили выступать после МОТ

Пешеходные дорожки обновят по ФКГС в сквере Иконникова в Сормове

Дмитрий Песков: заявления Польши о ядерном оружии вызвали страх даже в США

Посол Армении в ЕС Балоян: Попытки подорвать интересы России на Кавказе будут самоубийственными