Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 09.03.2022

Häkimiýetler howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, saýlaw uçastoklarynda metal detektorlar oturdylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri irki prezident saýlawlarynyň geçirilişine gözegçiligi güýçlendirýär. Munuň bilen baglylykda, saýlaw uçastoklarynyň girelgelerinde metal gözleýji enjamlar we saýlaw gutularynyň ýerleşýän ýerinde wideo gözegçilik kameralary ýerleşdirilýär. Häkimiýetler bu çäreleri belli bir derejede mekdep okuwçylarynyň hasabyna amal edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär. Onuň sözlerine görä, metal detektorlar, ýagny metal gözleýji enjamlar saýlaw... Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow saýlaw programmasynda dolandyryş usullarynyň reformasyny wada berýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaş edýän Serdar Berdimuhamedow prezident bolan ýagdaýynda döwleti dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegi, döwlet we hususy gurluşlaryň işini täzelemegi, halkyň iş üpjünçiligini, telekeçiligi we maliýe syýasatyny güýçlendirmegi wada berýär. Bu barada dalaşgäriň saýlawlara sähelçe wagt galanda halkyň dykgatyna ýetirlen saýlaw programasynda aýdylýar. Serdar Berdimuhamedowyň bu meseleleri saýlaw programmasyna goşup, bar problemalary gytaklaýyn boýun almagy bu ugurdan özgerişe garaşmaga näderejede esas berýär? Читать дальше...

Saýlawlara taýýarlyk: Maryda ilatyň gijeki hereketi çäklendirilýär, dükanlar we kafeler 8-de ýapylýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerinde agşam sagat 8-den soňra ähli dükanlar ýapylýar. Şeýle-de, şondan soň kafeleriň we restoranlaryň işlemegine hem rugsat berilmeýär. Agşam gün ýaşandan soňra, polisiýa köçelerdäki adamlary öýlerine kowmak çärelerini geçirýär. Bu başagaýlyklaryň we çäklendirmeleriň ählisi Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň bir bölegidir.

Russiýa Ukrainadan gaçýan adamlar üçin ýene ýol açandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Moskwa 9-njy martda Kiýewden we beýleki dört şäherden gaçýan adamlara ýene bir gün ynsanperwerlik koridorlaryny açandygyny aýtdy. 8-nji martda açylan ynsanperwerlik koridorlary arkaly ýurduň weýran edilen şäherlerinden gaçmaga çalyşýan adamlaryň müňlerçesi, rus bombalamalarynyň dowam etmegi we käbir ugurlaryň ýapylmagy netijesinde, howpsuz ýerlere geçip bilmedi. Russiýanyň Milli Goranmak gözegçiligi merkeziniň başlygy Mihail Mizintsew, TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, rus güýçleriniň 9-njy... Читать дальше...

Saýlawlara taýýarlyk: Maryda ilatyň gijeki hereketi çäklendirilýär, dükanlar we kafeler agşam 8-de ýapylýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerinde agşam sagat 8-den soňra ähli dükanlar ýapylýar. Şeýle-de, şondan soň kafeleriň we restoranlaryň işlemegine hem rugsat berilmeýär. Agşam gün ýaşandan soňra, polisiýa köçelerdäki adamlary öýlerine kowmak çärelerini geçirýär. Bu başagaýlyklaryň we çäklendirmeleriň ählisi Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň bir bölegidir. Bu ýagdaýlar barada sebitden maglumat berýän habarçymyzyň sözlerine görä... Читать дальше...

ÝDÖB  Türkmenistana "Dowzah derwezesini" ýapmak kömegini hödürleýär

Azathabar.com 

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB)  Türkmenistanyň Derwezedäki açyk gaz kraterini ýapmak kararyna gyzyklanma bildirýär. “Ýurt strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ugurdaş gazyň ýanyşyny bes etmegiň mümkin bolan tehniki we ykdysady usullaryny öwrenmekde Türkmenistana goldaw bermäge gyzyklanmamyzy beýan etmek isleýäris” diýip, ÝDÖB-niň prezidenti Odil Reno-Bassonyň işden çekilýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýazan hatynda aýdylýar.  TDH-nyň maglumatyna görä, Derweze... Читать дальше...

Russiýa ýene gumanitar koridorlary açjakdygyny aýdýar, ABŞ-nyň wise-prezidenti Ýewropa gelýär 

Azathabar.com 

Russiýanyň Ukraina çozmagy we raýat ýerleriniň topa tutulmagynyň dowam etdirilmegi netijesinde ýaşaýan ýerlerinden bosan asuda adamlaryň sanynyň 2 milliondan aşmagy bilen, Moskwa 9-njy martda Ukrainanyň paýtagtyndan we beýleki dört şäherinden gaçýan adamlary ýene bir gün ynsanperwerlik koridorlary bilen üpjün etjekdigini aýtdy. 8-nji martda müňlerçe adam çäklendirilen geçelgeleri ulanyp, dowam edýän rus bombalamalarynyň käbir ýollary kesen wagtynda, ynsanperwerlik koridorlary arkaly ýurduň weýran edilýän şäherlerinden gaçmaga synanyşdy. Читать дальше...

Has köp ukrainalynyň uruşdan gaçmaga çalyşmagy bilen, Günbatar nebiti Russiýa garşy iň soňky gural hökmünde ulanýar

Azathabar.com 

Russiýanyň topa tutmagyny dowam etdirip, çykyş ýollarynyň käbirini kesmegi netijesinde, ynsanperwerlik koridorlary arkaly ýurduň weýran edilen şäherlerinden çykmaga synanyşýan adamlaryň köpelmegi bilen, ABŞ rus nebitiniň importyny gadagan etdi. Russiýanyň goňşusyna edýän hüjüminiň 13-nji güni, ýaşaýyş ýerleriniň nyşana alynýandygy baradaky habarlar bilen, ýene bir gara gün boldy. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 8-nji martda rus kärdeşi Wladimir Putine basyş edip, Russiýadan nebit we beýleki energiýa... Читать дальше...

Türkmenistanda köp çagaly enelere täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri döwlet eýeçiligindäki “Neýtralny Turkmenistan” gazetine salgylanyp, anyklaşdyrmazdan, köp çagaly maşgalalaryň Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli berlen döwrebap, giň we ýokary amatlylygy bolan jaýlarynda jaý toýlaryny tutandyklaryny habar berýär. Şeýle-de neşir Türkmenistanyň prezidentiniň 8-nji mart baýramçylygyna gabat gol çeken karary esasynda “Ene mähri” diýen hormatly at dakylan aýallaryň maşgalalaryna täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak dabaralarynyň diňe Aşgabatda däl... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде






В Подмосковье наблюдается увеличение спроса на мясо в связи с сезоном шашлыков

Почти 300 жителей Королева обратились с вопросами на «Выездной Администрации»

В Екатеринбурге встретили Знамя Победы, которое едет через всю страну

В Москве наградили победителей Международного профессионального конкурса НОПРИЗ на лучший проект – 2023