Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 22.03.2022

Mary welaýatynda käbir azyk önümleri gymmatlady

Azathabar.com 

Mary welaýatynda käbir azyk önümleri, hususan-da şeker, günebakar ýagy we gök-bakja önümleri gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda sebitden habar berdi.

Lebapda PÝGG ‘açyk ýagdaýda’ para talap edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ozaldan hem azlyk etmeýändigi aýdylan köçe parahorlygynyň geriminiň bu günler, hususanda Lebap welaýatynda has hem möwjeýändigi bellenilýär. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan sürüjiler ýol polisiýasynyň (PÝGG) gatnawly köçelerde hususy ulaglary saklap, dürli bahanalary arap, tas açyk ýagdaýda para soraýandyklaryny aýdýarlar.

Aşgabatda ýene ýaşaýyş jaýlary ýykylýar

Azathabar.com 

Paýtagt Aşgabatda Teke bazaryň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary ýykylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 22-nji martda habar berdi.

Rus kazyýeti galplykda, äsgermezlikde aýyplap, Nawalna 9 ýyl iş kesdi

Azathabar.com 

Russiýanyň kazyýeti oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny ogurlykda we kazyýeti hormatlamazlykda günäkär tapdy we oňa garşy dokuz ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardy. Kazy Margarita Kotowa hökümi we jezany 22-nji martda, Moskwanyň daşyndaky jeza koloniýasynda, Nawalnynyň öňki çykarylan höküm esasynda tussaglykda saklanýan ýerinde yglan etdi. Şeýle-de, kazy oňa 1,2 million rubl jerime salynýandygyny aýtdy. Şu aralykda 45 ýaşly oppozisioneriň topary prezident Wladimir Putine degişli... Читать дальше...

Zelenski Ukrainanyň 'aman galyp-galmazlygyň gyrasynda' durandygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 22-nji martda, rus güýçleriniň infrastruktura we raýat nyşanalaryna urýan dyngysyz zarbalarynyň dört hepde bäri dowam etdirilmegi netijesinde, Mariupol üstündäki söweşiň möwjemegi bilen, öz ýurdunyň “agyr howp astynda, aman galyp-galmazlygyň gyrasynda durandygyny” duýdurdy. Uruş jenaýatlary baradaky aýyplamalaryň arasynda, ukrain prezidentiniň gepleşikler baradaky teklibini gaýtalamagy we Kremliň tabyn bolmak baradaky talabyna garşy çykmagy bilen, ukrain güýçleri we Mariupolyň ýaşaýjylary... Читать дальше...

Hukuk goraýjylar Türkmenistanyň täze prezidentine açyk hat ýazdy

Azathabar.com 

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy 21-nji martda Türkmenistanyň täze saýlanan prezidenti Serdar Berdimuhamedowa açyk hat çap edip, ony möhletini tamamlan ähli tussaglary derrew we şertsiz boşatmaga, şeýle-de tussaglaryň zorlukly ýitirim edilmeginiň ulanylmagyny bes etmäge çagyrdy. Hukuk goraýjylar, Türkmenistanyň prezidenti hökmünde, S. Berdimuhamedowyň ykballary näbelli we türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan onlarça adamyň ömri babatynda şahsy jogapkärçilik çekýändigini ýatlatdylar.... Читать дальше...

Kremlçi gazet Russiýanyň uruşda ölen esgerleriniň sanyny çap etdi we öçürdi

Azathabar.com 

Russiýanyň Kremle tarapdar “Komsomolskaya Pravda” gazetinde Ýewropadaky söweşlerde Russiýanyň 10 000 töweregi esgeriniň ölendigini görkezýän maglumat çap edilip, ol salym geçmänkä öçürildi.  Gazet 20-nji martdaky onlaýn neşirinde çap edilen habarda Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, 24-nji fewralda başlan uruşda häzire çenli 9861 rus esgeriniň ölendigini habar berdi. Habar serişdelerine, şol sanda dpa we “The Wall Street Journal” gazetine bu maglumat 21-nji martda arhiw görnüşinde göründi. Читать дальше...

Borispiliň häkimi howa menziliniň golaýynda ýaşaýan adamlaryň şäheri terk etmeklerini soraýar 

Azathabar.com 

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň golaýyndaky Borispil halkara howa menziliniň alkymynda ýerleşýän Borispil şäheriniň häkimi, rus goşunlarynyň ýakynlaşmagy bilen, şäher ilatynyň bu ýerden çykmagyny maslahat berdi. Şäher häkimi Wolodymyr Borisenko 22-nji martda Facebookda ýerleşdirilen wideo ýüzlenmesinde "edil häzir, eýýäm içinde we töwereginde söweş barýan wagtynda, şäherde bolmagyň zerur däldigini" aýtdy. "Men parahat ilaty paýhasly bolmaga, habar merkezimize ýüz tutmaga we mümkinçilik dörän badyna şäheri terk etmäge çagyrýaryn" diýip... Читать дальше...

Mariupolda agyr söweş barýar, Baýden Russiýa himiki ýarag ulanmazlyk duýduryşyny berýär

Azathabar.com 

Ukrain harbylary rus güýçleriniň esasy infrastruktura we raýat nyşanalaryna edýän agyr bomba hüjümlerini güýçlendirmegine garaşýar, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň sebäpsiz başlan urşunyň Ukrainada duçar bolan gapma-garşylygy netijesinde, Moskwanyň himiki ýaraglary ulanmak ähtimallygyna garşy duýduryş berýär. Russiýanyň Ukraina garşy başlan urşunyň hepdeden häpdä uzamagy bilen, esasy port şäheri Mariupol üstündäki darkaş söweş meýdanynyň iň bir aldym-berdimli ýerine öwrüldi. Ukrain goragçylary bu ýerde 22-nji martda hem berk durup... Читать дальше...

Türkmenistan Pekiniň esasy gaz üpjünçisi bolup galýar

Azathabar.com 

Hytaýa geçirijiler arkaly iberýän tebigy gazynyň umumy bahasynyň 1,44 milliard dollara (1,47 esse ýokarlanmagy) bilen, Türkmenistan bu ýurda gaz eksport edýän ýurtlaryň arasynda birinji ýerde durmagyny dowam etdirýär. Şu aralykda Hytaýyň Russiýadan import edýän gazynyň möçberi ýanwar-fewral aralygynda 2.86 esse köpeldi.  TASS habar gullugynyň Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýanyň Hytaýa iberýän tebigy gazynyň möçberi 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,86 esse artyp, 526,9 million tonnadan gowrak boldy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей






Участок, соединяющий Южную рокаду и МСД, готов практически на 70%

Гадюка подколодная. Эксперт объяснил, как выжить при встрече со змеей

Завирусившийся «Олененок» и еще три удивительных сериала из Великобритании

Субботняя погода в Москве побила дождливый рекорд за всю историю метеонаблюдений