Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 11.03.2022

Türkmenistanyň täze prezidenti 19-njy martda kasam kabul eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň täze prezidentiniň kasam kabul etjek güni yglan edildi.  Türkmenistanyň saýlanan prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy ses berişlikden bir hepde soň, 19-njy martda, altynjy güni bolar diýip, hökümetçi “Orient” neşiri habar berýär. Bu sene döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ýolbaşçylary bilen saýlawlara görülýän taýýarlyk barada geçiren maslahatynda yglan edilipdir. Türkmenistanyň prezidentiniň işe girişmegine bagyşlanan dabara “Oguzhan” köşgünde geçiriler we soňra Kabulhanalar merkezinde dowam etdiriler.

Türkmenabada Ukrainadan türkmen bosgunlaryny getiren ilkinji uçar gondy, 13-nji marta ikinji reýs planlaşdyrylýar

Azathabar.com 

Türkmenistan Ukrainadaky uruşdan gaçyp goňşy ýurtlara çykan raýatlary üçin 13-nji martda Polşadan ýörite uçar gatnawyny gurnaýar. Bu barada Azatlyga 10-njy martda Türkmenistanyň Berlindäki ilçihanasy habar berdi. Ilçihananyň işgäriniň sözlerine görä, türkmen raýatlary üçin uçuş mugt bolar, şeýle-de bu reýs bilen 300 adamy çykarmak göz öňünde tutulýar. Bu aralykda, 10-njy martda Rumyniýanyň paýtagty Buharestden Türkmenabada – Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde goňşy ýurda çykmagy başaran – türkmen raýatlary bilen ilkinji uçar geldi.

Açyk söhbet: Daşary ýurtlardaky türkmenler saýlamak we saýlanmak hukuklaryny talap edýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlary yglan edileninden soň, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň bir topary saýlawyň azat we adalatly geçirilmegine çagyryp, öz aralaryndan birnäçe dalaşgär hödürlediler. Azatlyk olaryň birnäçesini söhbetdeşlige çagyryp, eger deň bäsleşige mümkinçilik berilse, halka ýüzlenip aýtjak sözleri bilen gyzyklandy.

Putin rus güýçlerine goşuljak 'meýletinçileriň' Ukraina gelip biljekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 11-nji martda daşary ýurtlulara ukrain güýçlerine garşy söweşe goşulmaga rugsat berilmelidigini aýtdy we ele geçirilen günbatar raketa ulgamlarynyň Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanýan separatistlere berilmegini tassyklady. Putin Russiýanyň howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň daşary ýurtly şahslaryň Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanýan güýçlere goşulmagyna rugsat bermek pikirini goldaýandygyny aýtdy. Читать дальше...

BMG ýurtdan çykan ukrain bosgunlarynyň sanynyň 2,5 milliondygyny aýdýar

Azathabar.com 

Birleşen milletler guramasy 11-nji martda Russiýanyň 24-nji fewralda başlan çozuşyndan bäri 2,5 million adamyň Ukrainadan gaçyp çykandygyny we uruş sebäpli ýene bir 2 million adamyň ýaşaýan jaýlaryndan bosandygyny aýtdy. "Ukrainadan çykan bosgunlaryň sany, pajygaly ýagdaýda, şu gün 2,5 milliona ýetdi" diýip, BMG-niň bosgunlar gullugynyň başlygy Filippo Grandi twitterede aýtdy. "Şeýle-de biz Ukrainanyň içinde takmynan 2 million adam ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçürildi diýip hasaplaýarys. Читать дальше...

ABŞ-nyň wise-prezidenti Russiýany 'wagşyçylykda' aýyplaýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Polşanyň Ukraina söweş uçarlaryny ibermek meýilnamasy bilen bagly jedelleriň arasynda, Warşawa saparynda Russiýany Ukrainada "göz öňüne getirip bolmajak derejede wagşyçylyk" etmekde günäkärledi. Harrisiň ABŞ-nyň Gündogar Ýewropadaky ýaranlaryna berýän goldawyny nygtamak niýeti bilen edýän saparyna Warşawa bilen Waşingtonyň arasynda dörän uçar düşünişmezligi kölege saldy. Polşa ABŞ-nyň Germaniýadaky harby bazasynyň üsti bilen özündäki MiG söweş uçarlaryny Ukraina ibermegi teklip edip... Читать дальше...

Bäbekhana edilen hüjüm gahar-gazaby artdyrýar; Diplomatlar öňegidişlik gazanyp bilmedi

Azathabar.com 

Moskwanyň we Kiýewiň ýokary derejeli diplomatlary hatda parahat adamlaryň howpsuz ýere çykmagy üçin döredilmeli ynsanperwerlik koridorlary meselesinde hem ilerleme gazanyp bilmedi, şu arada rus goşunlarynyň Ukrainanyň Mariupol portundaky bäbekhana eden hüjümi global gahar-gazabyň has ýokarlanmagyna alyp geldi. Rus çozuşynyň 15-nji gününe girmegi bilen, ukrain resmileri diňe bir ruslaryň ilerlemeginiň öňüni almaga dyrjaşman, demirgazykdaky Mariupol ýa-da Harkow ýaly, daşy gabalan şäherleriň ilatyny... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде






В Музее Победы представят проекты празднования 80-летия Победы

Эксперт «Выберу.ру» выступил на Всероссийском жилищном конгрессе в Сочи

Заместитель руководителя ГУСТ Подмосковья Боровков провел прием граждан

Акарицидная обработка завершена в парках Подмосковья