Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 31.03.2022

Döwlet işgärleri telefonlaryndaky jaň sesine Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmaly edilýär

Azathabar.com 

Etrap häkimiýetleri döwlet işgärlerinden telefonlaryndaky jaň sesine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryny goýmagy talap edýär. Şeýle-de, döwletden aýlyk alýan býujet işgärleri öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektron kitaplaryny öz telefonlaryna indirmeli edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan habar berdi.

Aeroportda garaşyp ýatmak, sanawlar we "ýörite uçarlar". Türkmenistanlylar watanyna dolanmak üçin mümkinçiligiň gözleginde

Azathabar.com 

Stambulyň howa menzili watanyna gitmek üçin mümkinçilik gözleýän ýüzlerçe türkmenistanlynyň mekanyna öwrüldi. Bu ýerde gije-gündiz duş gelýän türkmen raýatlary, Türkmenistana bilet satýan awiakompaniýalaryň müşderileri, ýagny olaryň köpüsinde türk we türkmen howa ýollary kompaniýalarynyň biletleri bar. Adamlar köplenç "Türkmen howa ýollarynyň" hemişe diýen ýaly ýapyk durýan edarasynyň öňünde ýerleşýär.

Aşgabat bilen Pekin harby hyzmatdaşlygy berkidýär. Näme üçin?

Azathabar.com 

Hytaý Türkmenistan bilen harby hyzmatdaşlygy berkitjekdigini aýdýar. 25-nji martda bu barada habar beren hytaý mediasynyň maglumatyna görä, Hytaýyň döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Wei Fenghe bu barada özüniň türkmenistanly kärdeşi Begenç Gündogdyýew bilen geçiren wideo söhbetdeşliginde aýdypdyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministri owgan kärdeşi bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 30-njy martda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hytaýyň Tunsi şäherinde geçirilýän üçünji duşuşygynyň çäginde, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň daşary syýasaty edarasynyň başlygy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär. Gepleşikleriň barşynda ähli ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy, TOPH, TOP ýaly energiýa, demirýol taslamalaryny durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy. Читать дальше...

Türkmenistanda metjitlerde maska talap edilýär, Remezanyň öňüsyrasy käbir bazarlar açylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirus aladalary sebäpli ýapylan metjitleriň gaýtadan açylmagy bilen, dini işgärler adamlaryň metjitlerde ybadatlaryny kesgitlenen sanitariýa talaplarynyň çäginde amal edip biljekdiklerini duýdurýarlar. Ýurtda soňky hepdeden bäri käbir COVID çäklendirmeleriniň gowşadylýandygy barada maglumatlar gowuşsa-da, ýerli ilat esasy söwda merkezleriniň, bazarlaryň heniz hem ýapykdygyny ýa-da juda çäkli tertipde işleýändiklerini aýdýarlar. Azatlyk Remezan aýynyň öňüsyrasynda, galyberse-de... Читать дальше...

Stambulyň halkara howa menzilindäki bir gün

Azathabar.com 

Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






В московском парке нашли тело мужчины

Новый метод нейрореабилитации начали применять для бойцов СВО в Подмосковье

Кинолог Голубев рассказал, чем можно угостить собаку на пикнике

Андрей Воробьев: «День добрых дел» объединил учащихся Подмосковья