Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 21.03.2022

Täze prezident – köne syýasat: ýurtda geçirilen köpçülik çäreleri 'öňki-öňkülige' baý boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçirilen inaugurasiýa dabarasy bilen prezident wezipesindäki borçlaryny ýerine ýetirmäge girişdi. Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek dabarasy we munuň yz ýany ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda geçirilen köpçülik çäreleriniň mazmuny, synçylara görä, Türkmenistanyň syýasy durmuşynda özgerişe garaşmagyň puçdugyny ýene bir gezek subut etdi. Köplere görä “döwlet syýasatynyň wagyzçylary” atlandyrylýan... Читать дальше...

Ukraina Mariupolda tabyn bolmajagyny aýdýar, Zelenski gepleşik teklibini gaýtalaýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, özüniň we beýlekileriň Moskwany uruş jenaýatlarynda aýyplmagyna garamazdan, günortadaky esasy port şäherinde, 21-nji martda uly ewakuasiýa çäreleri bellnen Mariupolda barýan aldym-berdimli köçe söweşleriniň arasynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirmek baradaky çagyryşyny gaýtalady. "Men onuň bilen gepleşiklere taýýar" diýip, Zelenski 20-nji martda CNN telekanalyna beren interwýusynda, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan sebäpsiz... Читать дальше...

Türkmenistan bag ekip, Nowruzy we täze prezidenti garşy aldy, ýene býujet işgärleri kösendi

Azathabar.com 

Metan zyňyndylary bilen howany hapalaýandygy halkara hasabatlarda tassyk bolan Türkmenistanda ilat Nowruz baýramyny ýurduň ähli künjeklerinde agaç nahallaryny oturdyp garşy aldy. Şeýle-de, köpçülikleýin bag ekmek çäresi Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşan ilkinji köpçülik çäresi boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary agaç nahallaryny satyn almak üçin býujet işgärlerinden ýene pul toplanandygyny habar berýärler. Döwlet telewideniýesine görä, Türkmenistanyň täze prezidenti... Читать дальше...

Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy

Azathabar.com 

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň Lebap welaýatyndaky böleginiň gurluşygynyň göz-görtele ýygjamlaşmagy bilen, bu işlere çekilen hünärmenler zerur howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeýändigini, munuň hem heläkçilikli hadysalara sebäp bolýandygyny belleýärler. “Soňky günler gije-gündiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan çagyl daşlar wagon-wagon Türkmenabadyň Zerger otly stansiýasyna daşalýar. 19-njy martda irden 30 wagondan ybarat şeýle bir otlynyň bäş wagony reýsden çykyp, agdy. Adam ýitgileri ýok. Читать дальше...

ÝB-niň Borreli Russiýanyň Mariupolda 'uly uruş jenaýatyny' edendigini aýdýar

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň dowamynda gabawa alnan port şäheri Mariupola urýan zarbalaryny dowam etdirmek bilen, "uly uruş jenaýatyny" edýändigini aýtdy. "Mariupolda bolup geçýän zatlar, hemme zady weýran etmek, hemmeleri bombalamak we öldürmek bilen amala aşyrylýan uly uruş jenaýaty" diýip, Borrell Brýusselde ÝB-niň daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň başynda aýtdy.  27 döwletden ybarat bileleşik Russiýa garşy mümkin bolan täze sanksiýalary... Читать дальше...

Hytaýyň 133 adamly uçary heläkçilige uçrady

Azathabar.com 

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatyna görä, Hytaýyň üsti 133 adamly uçary 21-nji martda ýurduň günortasyndaky daglarda heläkçilige uçrady. CCTV habar gullugynyň maglumatyna görä, heläkçilige uçran “Boeing 737” uçary Hytaýyň gündogar howa ýollaryna degişli.   Ölenleriň sany entek belli däl, halas ediş işleri geçirilýär diýip, habarda bellenýär.  Uçar heläkçiliginiň mümkin bolan sebäpleri anyklaşdyrylmaýar.   “Flightradar” saýty ýykylan uçaryň alty ýyl ulanylan “Boeing 737-800” bolandygyny aýtdy.

Fransiýa Russiýa Bankynyň 22 milliard ýewrolyk emlägini doňdurdy

Azathabar.com 

Fransuz häkimiýetleri, Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň çäginde, Russiýa Bankynyň 22 milliard ýewrolyk, rus telekeçileriniň bolsa 850 million ýewrolyk emläklerini doňdurdy. Maliýe ministrliginiň ýörite topary tussag edilmeli emlägi kesgitlemek işleri bilen meşgullanýar diýip, ministrligiň ýolbaşçysy Bruno Le Maire 20-nji martda RTL radiostansiýasyna, Le Figaro gazetine we LCI teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu toparyň alyp barýan işleri netijesinde şahsy hasaplardaky 150 million ýewro... Читать дальше...

Merkezi häkimiýet Mariupolyň ýaşaýjylary üçin onlarça awtobus iberer

Azathabar.com 

Ukrainanyň merkezi hökümeti günortadaky port şäherinde basybalyjy rus goşunlarynyň alyp barýan gyrgynçylygyndan gaçmaga çalyşýan bosgunlar üçin Mariupola onlarça awtobus ibermegi meýilleşdirýär. Wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk 21-nji martda şähere 50-ä golaý awtobusyň gelmelidigini aýtdy. Ol 20-nji martda Mariupoldan 225 km uzaklykda ýerleşýän Zaporižýa şäherine 3985 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Umuman aýdanyňda, ol 20-nji martda ukrain şäherlerinden açylan gumanitar koridorlar arkaly 7,295 adamyň ewakuasiýa edilendigini... Читать дальше...

BMG: Ukrainada uruş başlanaly bäri on million adam öýünden gaçdy

Azathabar.com 

BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy 20-nji martda Orsýetiň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunyň birinji gününden bäri bu ýurtda on million adamyň, ilatyň dörtden bir böleginiň ýaşap oturan jaýlaryndan gaçyp çykandygyny aýtdy. “Uruş turuzýanlaryň jogapkärçiligine, dünýäniň ähli ýerinde, öz ýaşap oturan jaýlaryny taşlap gaçmaga mejbur bolan asuda adamlaryň görýän görgüleri hem girýär” diýip, BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy Filippo Grandi twitterde aýtdy. "Ukrainadaky uruş örän weýrançylykly... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция матчей Рыбакиной и Путинцевой за выход в 1/8 финала турнира в Мадриде






«Динамо» — «Зенит»: когда начало, где смотреть онлайн матча 26‑го тура РПЛ 28 апреля

«Деньги обесценятся уже точно»: эксперт назвал сроки обвала сбережений

Певец Киркоров выпустил наушники в виде красной помады за 4600 рублей

Спецпроект «Четвероногий друг» стартовал в Москве в рамках фестиваля «Пасхальный дар»