Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Новости за 28.03.2022

Berdimuhamedow ozalky wise-premýerleri, şol sanda Meredowy gaýtadan wezipelerine belledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji martda Ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etdi. Emma hökümetiň düzüminde ýeke-täk täze adam bar. Ol hem Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagyndan ozal eýelän, ýagny maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesine täze bellenen – Muhammetguly Muhammedow boldy. Mundan öň, Azatlygyň Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeleri daşary işler ministri Raşid Meredowyň wezipesinden çetleşdirilmegine garaşylýandygy barada maglumat beripdiler. Читать дальше...

Maryly kärendeçiler 'Babadaýhanyň ýoluna' sadaka bermeli edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesine degişli geňeşlikleriň başlyklary we orunbasarlary kärendeçi daýhanlardan pul toplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda sebitden habar berdi. Daýhanlar toplanýan pullaryň “Babadaýhanyň ýoluna sadaka hökmünde soralýandygyny” aýdýarlar.

Häkimiýetler jaý wadalaryny gaýtalaýar. Jaý nobatyna ýazylmak üçin 'ýa tanyş, ýa para' gerek

Azathabar.com 

Aşgabatda Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri ilaty jaý bilen üpjün etmek maksady bilen täze we öýsüz maşgalalary hasaba almak işlerine girişendiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan paýtagt ýaşaýjylary jaý nobatyna ýazylmak üçin raýatlardan “ýa tanyş, ýa-da para soralýandygyny” aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň websaýty petiklendi. Näme etmeli?

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ençeme ýyldan bäri Azatlyk Radiosynyň websaýtyny petikläp gelýärler. Golaýda Russiýa hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň üç, şol sanda Türkmen gullugynyň hem rus dilli websaýtlaryny petikledi. Bu ýagdaýlarda, eger-de ýörite tilsimler we gurallar bolmasa, biziň websaýtymyzda çap bolýan maglumatlary yzarlap bolmaýar. Şu aşakylar bilen petiklenen saýtymyzda çap bolan maglumatlary yzarlap bilersiňiz: VPN-den peýdalanyň. Bu siziň howpsuzlygyňyza kömek eder. Siziň prowaýderiňiz... Читать дальше...

BMG “Talybanyň” gyzlara we metbugata garşy gadaganlyklaryndan alada bildirýär

Azathabar.com 

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň aýal-gyzlara we habar beriş serişdelerine girizýän gadaganlyklaryny güýçlendirmeginden çuňňur alada bildirdi. Owganystanda golaýda BBC we “Amerikanyň sesi” (VOA) neşirleri babatynda hem täze gadagançylygyň girizilendigi habar berildi. "Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary... ähli owganlylar, şol sanda gyzlar üçin bilim almak hukugyny gaýtadan tassyklady" diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň 27-nji martda çap eden beýanatynda aýdylýar.... Читать дальше...

“Roskomnadzor” Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki saýtlaryny petikleýär

Azathabar.com 

Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasynyň 26-njy martdaky talaby boýunça, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki web sahypalarynyň azyndan üçüsine girmek çäklendirilýär. Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän “Roskomnadzor” Russiýanyň çäginde Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin rus dilinde habar çap edýän saýtlaryny, Radio Azattyk (Gazagystan), Azatlyk Radiosy (Türkmenistan), Ozodi Radio (Täjigistan) neşirlerini petikledi. Russiýanyň garaşsyz... Читать дальше...

Lebapda käbir COVID çäklendirmeleri gowşadylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirus aladalary bilen bagly girizilen käbir çäklendirmeler gowşadylyp başlandy. Şol bir wagta, raýatlaryň sebitara hereketine we regionlardaky uly bazarlaryň işine girizilen gadagançylyklar henizem saklanyp galýar. “Lebapda karantin çäklendirmeleri gowşadylýar. Türkmenabatda eýýäm ähli kafeler we garbanyşhanalar öz işine başlady. Egin-eşik dükanlary hem açyldy. Geçen dynç günleriniň dowamynda şäheriň 10-a golaý toý kafelerinde dabaralar geçirildi. Ozakylar ýaly polisiýa gelip... Читать дальше...

Zelenski Türkiýede geçiriljek gepleşikleriň öňünden 'toprak eglişigini' etmejekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu hepde Russiýa bilen Türkiýede geçiriljek gepleşiklerden ozal öz ýurdunyň territorial bitewiligi meselesinde eglişik etmejekdigini aýtdy.  Gepleşiklerde Ukrainanyň ileri tutýan ugurlary "özygtyýarlylyk we territorial bitewilik" bolar diýip,  Zelenskiý 27-nji mart agşamy öz halkyna eden ýüzlenmesinde aýtdy. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 27-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen söhbetdeşlikde Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Погранслужба Казахстана возобновила работу КПП «Желкуар» на границе с РФ

Мария Нагорная приняла участие в акции «Доброе дело» в Лыткарине

Выяснились настораживающие подробности о клинике Хайдарова: Приговор вынес Арбитражный суд

"Не раскаивается": Детали дела Аббасова от депутата Медведева. С жертвой Шахина попрощались лишь накануне