Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Rus çozuşynyň 11-nji gününde Ukrainadan gaçan bosgunlaryň sany 1,5 milliona golaýlaýar

0
Rus çozuşynyň 11-nji gününde Ukrainadan gaçan bosgunlaryň sany 1,5 milliona golaýlaýar

Ukrainadaky uruşdan gaçýan bosgunlaryň sanynyň 6-njy martda 1,5 milliona ýetmegine garaşylýar. Russiýanyň Ukraina amala aşyrýan çozuşynyň 11-nji gününde ýurduň köp ýerinde “gazaply” söweşler barýar.  

Ýurtdan gaçmagy başaran ukrainalylar goňşy Polşa, Rumyniýa, Slowakiýa ýaly ýurtlara barýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça agentligi bosgunlaryň sanynyň iýul aýyna çenli 4 million adama ýetmegine garaşylýandygyny çaklaýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken hepdäniň ahyrynda Polşa bilen serhetdäki ukrainaly bosgunlaryň halyndan habar alyp, emele gelen gumanitar krizis üçin Waşingtonyň 2,75 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp bermäge çalyşýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri 6-njy martda ýurduň günortasyndaky Mikolaýew hem-de demirgazykdaky Çernihiw şäherleriniň gözegçiligi ugrunda rus güýçleri bilen “gazaply söweş” alyp barýandygyny aýtdy.

“Baş aladamyz Maripul şäherini goramaga gönükdirilýär” diýip, ukrain goşuny Facebook ulgamy arkaly aýtdy. Donetsk sebitinde hem ukrain güýçleriniň operasiýasyna taýýarlyk görülýär diýip, maglumatda aýdylýar.

Maripul birnäçe gün bäri elektrik energiýasyz, suwsuz hem-de azyksyz gabaw astynda galýar. Russiýa ynsanperwer geçelge açmak üçin ok atyşygy  bes edendigini yglan edenden soňra, ýerli resmiler şäheriň 450 müň ilatynyň hususy awtoulaglar  we awtobuslar arkaly şäheri terk edip bilýändiklerini aýtdy. Ýöne resmileriň “Russiýa tarapy ok atyşygy bes etmegi berjaý etmeýär, Maripul we onuň töweregini oka tutmagy dowam etdirýär” diýmegi bilen ewakuasiýa işleri yza süýşürildi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости






Гендиректор "Пари НН" Мелик‑Гусейнов заявил, что клуб ударился об дно

Бывший тренер ЦСКА Газзаев: у "Зенита" притупилась мотивация

Движение поездов на участке серой ветки метро Москвы приостановлено

Сценарии для любого торжества, праздника, корпоратива - квесты, ролевые игры, конкурсы. Ищем авторов сценариев.