Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Russiýa ynsanperwerlik koridorlaryny açandygyny aýdýar

0

Russiýa 8-nji martda ukrain şäherlerinden, şol sanda Kiýewden asuda adamlaryň ewakuasiýa edilmegi üçin ynsanperwerlik koridorlaryny açandygyny aýtdy. Emma Ukrainanyň ýolbaşçylary muňa şübheli garaýar. Olar Russiýanyň diňe özüne we ýakyn ýarany Belarusa açylan ewakuasiýa ýollaryny nazara alyp, Moskwanyň bu hili wadalary ozalam berendigini aýdýarlar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 8-nji martda, Çernihow, Sumy, Harkow we daşy gabalan Mariupol şäherlerinden, Moskwa wagty bilen sagat 10-dan ewakuasiýa ýollarynyň açylandygyny aýtdy.

Mariupolda, Gara deňziň boýundaky port şäherinde 430 müň ýaşaýjynyň ýaryna golaýy, 200 müň çemesi adam ol ýerden çykmaga çalyşýar.

Kiýewden takmynan 350 km gündogarda ýerleşýän Sumy hem Russiýanyň güýçli bombalamagyna sezewar boldy.

Ukrainanyň halas ediş gullugy 8-nji martda şähere urlan howa zarbalarynda azyndan dokuz adamyň, şol sanda iki çaganyň ölendigini aýtdy.

"Interfaks" habar gullugynyň Goranmak ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýa ynsanperwerlik koridorlary üçin “ümsümlik düzgünini” girizýändigini aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Iryna Wereşuk 8-nji martda gumanitar koridoryň açylmagy barada Russiýa bilen baglaşylan ylalaşygyň Sumynyň, daşy gabalan demirgazyk-gündogar şäheriň asuda ilatynyň ol ýerden çykyp başlamagyna ýol açjakdygyny tassyk etdi. Emma olaryň ugurlary we ahyrynda barjak ýerleri anyk bolmady.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Открытый чемпионат Италии: Новак Джокович получил сильный удар после выхода в третий раунд после Корантена Муте | Теннисные новости






Соблазнять Горбункова должна была Лучко: как снимали фильм «Бриллиантовая рука»

12 мая в Москве ожидается облачная погода с прояснениями

Тренер "Зенита" Семак признал существенное снижение шансов у клуба выиграть РПЛ

Рейс Москва-Гуанчжоу экстренно приземлился в Иркутске