Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

ABŞ Russiýanyň bank emeldarlaryna, Putiniň metbugat sekretarynyň maşgalasyna sanksiýa girizýär

0
ABŞ Russiýanyň Ukraina garşy başlan urşy sebäpli Nowikombank we ABR Management banklarynyň birnäçe geňeş agzasyna, şol sanda Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Nikolaýewiç Knyaginine garşy sanksiýa girizdi diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy. 


"Öz ýaranlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Birleşen Ştatlar Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Ukraina goşun sürmegi sebäpli agyr ykdysady we diplomatik baha tölemegini üpjün etmäge ygrarly” diýip, Blinken 11-nji martda eden çykyşynda aýtdy. 


Şeýle-de, ABŞ rus milliarderi Wiktor Wekselberge, prezident Wladimir Putiniň metbugat sekretarynyň maşgalasynyň üç agzasyna garşy sanksiýa girizdi.


11-nji martda girizilen sanksiýalar Russiýada ikinji uly karz beriji bolan  VTB Bankynyň 10 sany geňeş agzasyny, Russiýanyň Döwlet dumasynyň, parlamentiň aşaky palatasynyň 12 agzasyny hem öz içine alýar diýip, ABŞ-nyň Gazna departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса