Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Ukrain, rus gepleşikçileri ýene gepleşik geçirmekçi bolýar

0
Hepde ahyrynda Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda we gündogarynda, ýurduň beýleki ýerlerinde bombalamalaryň dowam etmegine we iki tarapyň hem ilerleme gazanandygyny aýtmagyna garamazdan, ukrain we rus gepleşikçileri 14-nji martda has köp gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny aýtdylar.


Gepleşikleriň dördünji tapgyrynyň wideo arkaly geçirilip, oka tutulýan şäherlere we şäherçelere kömek ýetirmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar diýip, ukrain prezidentiniň kömekçisi Mykaýlo Podolýak aýtdy. Şeýle-de ol Russiýanyň “konstruktiw gürrüň edip başlaýandygyny” we netijeleriň “sanlyja günde gazanyljakdygyny” aýtdy. 


Rus güýçleriniň paýtagta edýän basyşlaryny dowam etdirmegine garamazdan, diplomatik tagallalar Moskwanyň has köp raýatyň ewakuasiýa edilmegine ýol açjagyna umyt döretdi. 


Öňki gepleşiklerde strategiki şäher bolan Mariupolda ýiti azyk, suw we derman gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýüz müňlerçe adama kömek ýetirmek ýa-da ewakuasiýa ýollaryny açmak meselelerinde uly bir çözgüt tapylmady.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса