Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Rus habar programmasynda urşa garşy protest bildiren zenan tussag edildi

0

Russiýanyň döwlet telewideniýesinde göni ýaýlymda berilýän habary bölen protestçä, Russiýanyň Ukraina çozmagyna garşy görkezen ylalaşmazlyk hereketi üçin, ýokary baha berildi.

Protestçi 14-nji martda, “Wremýanyň” alyp baryjysy studiýada hökümetiň Günbatar sanksiýalarynyň täsirini azaltmak meýilnamalary barada gürrüň berýän wagtynda, onuň arkasynda birden peýda boldy.

Protestçi zenan “Uruş gerek däl. Urşy togtat. Propaganda ynanma. Olar seni aldaýarlar” diýlip ýazylan plakaty galdyrdy.

Şeýle-de ol "Urşy duruz. Urşa gitme" diýip gygyrdy. Ol telekanal başga bir habara geçirilýänçä birnäçe sekund görüldi we eşidildi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ol protestçä sagbolsun aýtdy we "hakykaty aýtmaga synanyşýan ruslara minnetdar" diýdi.

Türmede oturan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş protestçiniň wideosyny Twitterde ýerleşdirdi we ol gysga wagtda millionlarça tomaşaçy toplady.

Syýasy tutda-baslyklara gözegçilik edýän OVD-Info web sahypasy protestçi zenanyň adynyň Marina Owsýannikowa bolandygyny we tussag edilip, polisiýa tussaghanasyna alnyp gidilendigini aýtdy.

Owsyannikowa urşa garşy çykmazyndan öň taýýarlanan wideoýazgyda özüni Birinji kanalyň işgäri hökmünde görkezdi we urşa garşy gürrüň etdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Казахстан узнал еще одну печальную новость после сюрприза Рыбакиной






Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Тороп берет: как вратарь ЦСКА повлиял на расклад в чемпионской гонке

Лещенко: напишу песню, если "Динамо" станет чемпионом

Московское море: каким оно было?