Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Kamilow: Özbegistan Lugansk we Donetsk Halk respublikalaryny ykrar etmedi

0
Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow 17-nji martda parlamentiň ýokarky palatasynyň mejlisinde Ukrainadaky ýagdaý baradaky soraga jogap berdi.


“Biz bu ýagdaýa parahatçylykly çözgüt tapmagyň we konflikti syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň tarapdary. Emma munuň üçin ilkinji nobatda harby hereketleri we zorlugy togtatmak zerur" diýip, Abdulaziz Kamilow aýtdy.


Ol Özbegistanyň Russiýa we Ukraina bilen öňden bäri töwerekleýin gatnaşyk saklaýandygyny hem-de öz milli bähbitlerinden ugur alyp, bu iki ýurt bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi.


Şeýle-de Kamilow Özbegistanyň Ukraina ynsanperwerlik kömegini ibermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.


Ukrainanyň Özbegistandaky ilçisi Mykola Doroşenko Daşkende öz ýurduna 28 tonna ynsanperwer kömegini iberendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.


Abdulaziz Kamilow öz çykyşynda Özbegistanyň "DHR" we "LHR" diýilýänleri, gündogar Ukrainadaky ýerlere gözegçilik edýän separatistik guramalary ykrar etmeýändigini nygtady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса