Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

German lideri Şolz Putini Ukrainada atyşygy bes etmäge çagyrdy

0
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşende, diplomatik çözgüt tapylmagyna ýol açylmagy we ynsanperwerlik heläkçiliginiň öňüniň alynmagy üçin, Moskwany Ukraina  garşy edýän hüjümini togtatmaga çagyrdy.


Şolzyň edarasy 18-nji martda çap eden beýanatynda iki lideriň "Ukrainada dowam edýän uruş we ony togtatmak üçin edilýän tagallalar" barada bir sagada golaý gürleşendigini aýtdy.


Beýanatda başga jikme-jiklikler berilmedi, ýöne Kremliň aýratynlykda çap eden beýanatynda "Rus tarapynyň belli prinsipial çemeleşmelere laýyklykda çözgüt gözlemegi dowam etdirmäge taýýardygy" aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса